Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

13 Oktýabr 2021

37

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglaryň gelmegi dowam edýär. Hatlarda we telegrammalarda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtalýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, derman öndürýän kärhanalar hem-de milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä çykaran beýleki desgalar guruldy.

Hatlary we telegrammalary iberenler şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň XIII jildiniň neşir edilmegi bilen gutlaýarlar. Bu kitap türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň melhemlik aýratynlyklary baradaky bilimleriň genji-hazynasydyr.

Beýleki bildirişler