Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

12 Oktýabr 2021

38

Hormatly Prezidentimiziň adyna Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglaryň gelmegi dowam edýär. Hatlary iberenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerdildi we döwrebaplaşdyryldy, munuň özi bu ulgamyň halkara ölçegleriň derejesinde depginli ösmegini üpjün etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň XIII jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli gutlag hatlary hem-de telegrammalary gelip gowuşýar. Bu kitap türkmen lukmanlary üçin olaryň hünär baýramyna, tutuş halkymyza we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine nobatdaky ajaýyp sowgat boldy.

Beýleki bildirişler