Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

21 Sentýabr 2021

34

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de bu ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belledi hem-de bu gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Beýleki bildirişler