Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

17 Aprel 2021

71

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny belende götermek barada ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň çapyksuwarlyk, seýisçilik sungatyny belende galdyrmakda hem-de ahalteke atlarynyň nesil arassalygyny gowulandyrmakda, syna owadanlygyny kämilleşdirmekde we baş sanyny artdyrmakda, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmakda, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem ykrar edilendir. Şonuň netijesinde biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirilişleriň, abraýly atly sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Beýleki bildirişler