Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

16 Aprel 2021

51

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanyldy. Bu waka türkmenistanlylar tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylandy. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gutlaglarynda bu wakanyň uly ynamyň hem-de halkymyzyň ýurdumyzy ösüş ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan milli Liderimiziň töwereginde berk jebisleşendiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtaýarlar. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly waka bilen mähirli gutlap, milli Liderimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.

Milli Liderimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ç.Amanow, S.Berdimuhamedow, Ş.Abdrahmanow, Ş.Durdylyýew, M.Geldinyýazow, Ç.Gylyjow, R.Meredow, M.Mämmedowa, G.Müşşikow, E.Orazgeldiýew, B.Öwezow tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýolladylar.

Beýleki bildirişler