Parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagy
Döwlet Baştutanymyzyň nobatdaky zähmet rugsadynda bolmagyna garamazdan, geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny hem-de ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmaga we aýawly saklamaga yzygiderli üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynda öz beýanyny tapdy. Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň hem-de ösüşiň belentliklerine tarap ýolda täze eýýamyň ajaýyp nyşanyna öwrülen, ady rowaýata dönen ahalteke bedewleri bu beýik mirasda aýratyn orny eýeleýär.