HABARLAR

Türkmenistanda Konstitusiýanyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Netijeli hyzmatdaşlyk Watanymyzyň depginli ösüşiniň girewidir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parasatly syýasatyna mahsus ýörelgeler — kabul edilen çözgütleri amala aşyrmakdaky täzeçillik, yzygiderlilik, bellenen meýilnamalara iş ýüzünde amal etmek hem-de uzak möhletleýinlik ýörelgeleri beýleki ýurtlar bilen özara gatnaşyklaryň binýadyny düzýär. Çalt depginlerde ösýän Türkmenistan milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze pudaklary döretmäge uly orun bermek bilen innowasion işläp düzmeleri hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly üns berýär. Milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň möhüm böleginiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselesidigini bellemek gerek. Geçen hepdede bu meselä has-da uly orun berildi.

Ministrler Kabinetiniň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de türkmen we gyrgyz halklaryna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Söhbetdeşler umumadamzat ahlak gymmatlyklaryny we ruhy ösüşi alamatlandyrýan bu nurana baýramyň dostlukly döwletara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda ýapon hökümetiniň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. “Goý, mukaddes Oraza aýynyň sahawatly günlerinde berjaý eden dessurlaryňyz hem-de doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 12-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.