HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Jenap Jon MakGregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň baş maksadymyz halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmakdan ybaratdyr

Türkmenistan döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urup, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Şu döwrüň içinde geçilen ýol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan, deňi-taýy bolmadyk ägirt uly täzeçillik hem-de uzak möhletleýin wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine beslendi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgede öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş ulgamlary we beýlekiler — bularyň her biri täze sepgitlere çykyp, her bir ädimde hormatly Prezidentimiziň maksada gönükdirilen oňyn özgertmeleriniň miweleri aýdyň görünýär. Olar türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga hyzmat edýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 6-njy iýun (TDH). Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilen pursatlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkadag Prezidentimize şanly sene mynasybetli sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen gowşurdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwletimiz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we suwaryş suwy bilen doly üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň ýakyn geljek üçin işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň gün tertibine Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini kämilleşdirmek, döwlet emläginiň, şol sanda maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky aladadyr

Milli Liderimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy. Bu baýramçylyk dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligi

Şu ýyl bellenilýän şanly sene — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeş boldy. — Hormatly jenap Prezident! Biziň bilen söhbetdeş bolmaga razylyk berendigiňiz üçin Size hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Siziň pikiriňizçe, Garaşsyzlyk türkmen halky üçin nämäni aňladýar?

Milli Liderimiziň syýasatynyň maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr

Geçen hepde Türkmenistanyň milli Liderimiziň baştutanlygynda parahatçylyk, döredijilik hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Şol wakalar döwürleriň hem-de nesilleriň mizemez arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, belent ynsanperwer gymmatlyklaryna ygrarlylygyny tassyklap, däp bolan döwletara dostluk aragatnaşyklarynyň yzygiderli giňeldilmeginiň, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramynyň toýlanmagynyň nyşany astynda geçdi. 24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi paýtagtymyzyň ýubileýini baýram etmäge taýýarlyk görmegiň meselelerine bagyşlandy.