HABARLAR

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi

2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar. Ol ýerde döwlet ýolbaşçylary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 22-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz iri möçberli gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine geldi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

Aşgabat, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndan ybaratdyr. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda ep-esli işjeňleşdirildi. ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara gatnaşyklaryň, adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşme duşuşyklarynyň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi. Özara gyzyklanma döredýän şol gatnaşyklaryň ugurlary köpdürlü

Türkmenistan: möhüm wakalar we habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady 17.10.2021. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de dostlukly ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Aşgabat, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy

AŞGABAT, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şu gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady. «Durnukly ulag, durnukly ösüş» atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby türk dilinde neşir edildi

Aşgabat, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, dostlukly ýurduň diplomatlary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary, ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň redaktorlary gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary tanyşdyrylyş çäresine onlaýn görnüşde goşuldylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçdi we welosipedli gezelenç etdi

Aşgabat, 3nji oktýabr(TDH). Dynç güni säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklarynda möhüm orun eýeleýär.