HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy hem-de Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar, hemişe bolşy ýaly, milli Liderimiz işden boş wagtyny işjeň we peýdaly geçirýär. Geçen hepdede ýarym ýylyň jemlerine garalan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 7-nji iýuldan 6-njy awgust aralygynda nobatdaky zähmet rugsadynyň berilýändigini yglan etdi, Hökümet agzalary zähmet rugsadyny ýurdumyzyň saglyk we dynç alyş merkezlerinde geçirip bilerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Üstünliklerimiz bizi täze ýokary sepgitlere ruhlandyrýar

Syýasy durnuklylyk, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan döwlet ösüşiniň nusgasynyň öz netijeliligini görkezýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Muňa Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň barha artýandygy, milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigini açyp görkezen geçen hepdäniň wakalary hem şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Aşgabat, 3-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy. Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda gazanan netijeleriniň jemi jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi, Prezident maksatnamalaryny we beýleki meýilnamalary durmuşa geçirmegiň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitewi logistik merkezi döretmek başlangyjyny öňe sürýär

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy Aşgabat, 2-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garamak meseleleri, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça bu düzümleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler girizildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hemmesini sanly wideoaragatnaşyga çagyryp, ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýewiň hasabatyny diňledi. Ministr ýanwar — iýun aýlarynda garamagyndaky düzümleriň ýerine ýetiren işleri, ýazky harby gulluga çagyrylyşyň jemleri, hormatly

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşidir

Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, döwlet tabşyryklaryny ýerine ýetirdiler. Orak möwsüminiň netijeleri ekerançylaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşandy hem-de şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine mynasyp sowgady boldy. Daýhanlarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyza oba hojalygyny ösdürmek barada edýän atalyk aladasy, gallaçylaryň tutanýerli zähmet çekmegi babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy: 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy täze ösüşe, ilkinji nobatda bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda uly ähmiýete eýe boldy. Bu senäniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemelidiris. 29-njy iýunda, ýagny şu çözgüdiň kabul edilen gününde milli Liderimiziň doglan gününiň bellenilendigini bellemek ýakymlydyr. 2020-nji ýyl bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylydyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlis başlamazdan öňürti, hoş habara — gallaçylaryň azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada welaýat ýolbaşçylarynyň hasabatlaryna bagyşlanan dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gökdepe metjidinde akgoýun toý sadakasyny berdi

Ahal welaýaty, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli Gökdepe metjidinde akgoýun toý sadakasyny berdi. Bu şanly sene uly dabara bilen bellenilýär. Onda halkymyzyň bagtyýarlygy we agzybirligi öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ählumumy ähmiýete eýe bolan hem-de türkmen halkynyň parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini ugur edinýän köpasyrlyk arzuwlaryny özünde jemleýän giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Halkymyzyň Arkadagynyň hormatyna baýramçylyk konserti

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Häzirki zamanyň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri, oňyn başlangyçlary öňe sürýän, adamzadyň ählumumy meseleleriniň çözgüdine täzeçil çemeleşmeleri taýýarlaýan milli Liderimiz halkara bileleşikde ýokary abraýa eýedir.