HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bahreýniň Patyşasynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege mähirli sözleri aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça ikiçäk söhbetdeşlikde pikir alyşmak, şeýle hem halkara syýasatyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen BAE-niň Wise-prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Dubaýyň häkimi bilen doganlarça salamlaşyp, ony, BAE-niň dostlukly halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutladylar hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, abadançylyk ýaly ýokary ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän bu ajaýyp baýramyň köp asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, mundan beýläk-de tutuş yslam dünýäsinde raýdaşlygyň we bitewüligiň berkidilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz söhbetdeşligiň resmi bölümine geçmezden ozal, özbek kärdeşini doglan güni hem-de Muhammet pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynda synçynyň derejesi berildi

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy” ýerleşýän ştab-kwartirasynda BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu abraýly gurama synçynyň derejesini almaga bolan sargydyna garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen tarapyndan ýurdumyzyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili, şeýle hem ýurdumyzyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri mejlisiň onlaýn görnüşinde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan — melhemler mekany

3-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara sagaldyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk derejede guramagy, şeýle hem zähmet rugsatlaryny «Arçmanda» ýa-da «Ýyly suwda» we ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç almak üçin ulanmagy maslahat berdi. Adamlaryň saglygy hakynda aladanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz munuň şeýledigini iş ýüzündäki hereketleri bilen, şol sanda ýurdumyzyň şypahana ulgamyny ösdürmek, dünýä syýahatçylygynda onuň ornuny giňeltmek boýunça işler bilen tassyklaýar.

Türkmen alabaýlary — halkymyzyň buýsanjy we milli gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sagdyn durmuş ýörelgesi — türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam we onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladasy esasy ugry bolup durýan durmuş ugurly döwlet syýasaty netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha giň gerime eýe bolýar. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň birinji ýarymyndaky ösüşiniň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ekologiýa we saglygy goraýyş mähriban halkymyzyň abadançylygynyň binýadydyr

Eziz Watanymyzyň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelligini rejeli peýdalanmak hem-de bu bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy geljekki nesillere miras goýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyzda BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ähmiýetli ugurlarynyň biri bolan adamlaryň ýaşaýyş-durmuş abadançylygynyň möhüm ugry hökmünde ekologiýa örän uly üns berilýär. Türkmen halkynyň bütin taryhy mähriban Diýarymyzyň tebigaty — uç-gyraksyz Garagum, gül-gunça beslenen ýaýlalar, Köpetdagyň belent gerişleri, Hazaryň täsin kenary bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyz yhlas bilen zähmet çekseň öz baýlyklaryny sahylyk bilen eçilýän mähriban topragymyza asyrlaryň dowamynda mähir bilen çemeleşipdir. Biziň günlerimizde hem bu babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär: şäherleriň we obalaryň durky täzelenip olar abadanlaşdyrylýar, ýurdumyzyň tebigatynyň gözel künjeklerini ilkibaşdaky görnüşinde saklamak ugrunda tagallalar edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçmek Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň strategiýasydyr

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.