BSGG: Türkmenistan ýokanjyň ýurduň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak üçin ähli çäreleri gördi we bu tagallalar üstünlikli boldy
BSGG-niň bilermenleri ýurdumyzda geçirilen monitoringiň jemlerini jemlediler Aşgabat, 15-nji iýul (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hökümetiniň çakylygy boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirildi.