HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Liderleri mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler bu nurana baýramyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny alamatlandyrýandygyny belläp, Gurban baýramynyň musulman jemgyýetinde mundan beýläk-de özara düşünişmek, parahatçylyk döredijilik we birek-biregi goldamak däplerini hem-de ýörelgelerini has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman ymmaty we tutuş adamzat üçin ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýän bu nurana baýramyň bolçulyk eçiljekdigine, iki goňşy döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agzybirligi hem-de raýdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Ganatly atym bar — Berkarar Watanym bar

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenç etdi Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm şertidir

BMG-ä agza döwletleriň hemmesi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalarda, şol sanda obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamada öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň netijesinde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ägirt uly üstünlik gazanyldy. Munuň özi adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar. Ekerançylaryň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň artmagyna goşýan goşandy yzygiderli ýokarlanýar. 2019-njy ýylda ol 10 göterim artdy. Şunda, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň aglaba bölegi hususy telekeçilere degişlidir.

Türkmenistanda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň tapgyrlary

TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bahreýniň Patyşasynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege mähirli sözleri aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça ikiçäk söhbetdeşlikde pikir alyşmak, şeýle hem halkara syýasatyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen BAE-niň Wise-prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Dubaýyň häkimi bilen doganlarça salamlaşyp, ony, BAE-niň dostlukly halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutlady.