HABARLAR

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy

Aşgabat, 1-nji sentýabr. Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi

Aşgabat, 1-nji sentýabr. Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Asylly däbe görä, güýz paslynyň ilkinji güni Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary üçin Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy.

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

HORMATLY DABARA GATNAŞYJYLAR! GADYRLY TÜRGENLER! Sizi Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 29-njy awgust. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişine başlamaga taýýarlyk görlüşi, hususan-da, ýerleri ekişe taýýarlamak, ekişi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin alnyp barylýan işler, zerur tohumlaryň, tehnikalaryň we gurallaryň, mineral dökünleriň ekişe taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, hususan-da, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlanylyşy barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Awaza, 27-nji awgust. Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Awaza derýasynyň çekilmegi bilen ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň saglygy we ýokary derejeli dynç alşy ugrunda edilýän aladanyň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.

Paýtagtymyzda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Aşgabat, 27-nji awgust. Şu gün “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan zehinli ýaşlaryň bu meşhur gözden geçirilişine 30 ýyl dolýar. Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan bilelikde guralýan bu telebäsleşik ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna ýardam edýär. Ol 30 ýylyň dowamynda estrada dünýäsinde täze zehinleri ýüze çykardy. Olaryň sany bolsa 700-den hem geçip, bäsleşiklere dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş harby gullukçylar, medeniýet ulgamynyň hem-de Diýarymyzyň dürli künjeklerindäki beýleki pudaklaryň edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň saýlama ýaryşlarynyň dowamynda iň mynasyp wekiller öňe saýlandylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 26-njy awgust. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen içeri syýasatyň birnäçe meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalaryny kabul etdi

Aşgabat, 26-njy awgust. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edilendikleri üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen salamyny, mähirli sözlerini ýetirip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.

Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr

Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ekologik abadançylyk babatdaky başlangyçlaryny ilerletmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ol Garaşsyz Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýan ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esas edinýär. Häzirki wagtda bu ugurda milli strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýany we suw-batgalyk ýerler hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Aşgabat, 23-nji awgust. Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz uçuşynyň dowamynda şäheriň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýyna, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine, şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berdi.