HABARLAR

Gahryman Arkadagymyzyň taglymaty – ene dilimiziň baýlygy

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilime, milli medeniýetimize, edebiýatymyza we gadymdan gelýän ene dilimize aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen dili ylmy esasda öwrenilýär, jemgyýetiň, döwrüň ösmegi bilen ösýär, barha baýlaşýar. Häzirki wagtda dil bilimi, aýratyn hem ene dilimiziň baýlyklary has-da çuňňur öwrenilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň beýik taglymaty kemala getirendigini aýratyn belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň ylmy ensiklopedik kitaplary, çuňňur many-mazmuna eýe bolan eserleri munuň aýdyň mysallarydyr. Sebäbi aýdanymyzda, bu ajaýyp kitaplardaky ylmy garaýyşlar, ene dilimiziň baýlyklary barada paýhasly pikirler her bir okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Esasan hem şeýle many-mazmunly kitaplar döredijilik işgärleriniň, alymlaryň iň ygtybarly gollanmasy bolup durýar.

Nakyllarda duş gelýän käbir leksik aýratynlyklar

Milli mirasymyzyň örän gadymy we baý görnüşleriniň biri bolan nakyllaryň we atalar sözüniň esasy özeninde diliň durýandygy bellidir. Çünki dil irki döwürlerden bäri islendik milli medeniýetiň, taryhyň, halk döredijiliginiň biziň günlerimize ýetip gelmeginde esasy serişde bolup hyzmat edýär. Halk pähimlerine öwrülen atalar sözünde we nakyllarda ony döreden halkyň ýaşaýşy, durmuş hakykaty, ruhy dünýäsi baradaky baý maglumatlar jemlenýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Müňýyllyklaryň dowamynda döredilip, timarlanyp gelnen nakyllardyr atalar sözlerini pederlerimiziň umman ýaly çuňňur akyl-paýhas hazynasy, mydama dogry ýol salgy berýän şamçyrag – maslahatçy diýip aýtmak bolar. Nakyllarda ençeme nesilleriň durmuş tejribesinde taplanan halk parasaty, gündelik durmuşda öwran-öwran başdan geçirilen hadysalardan gelip çykýan dogry çözgütler, gymmatly sargyt-maslahatlar öz beýanyny tapypdyr» diýip, jaýdar belleýär. Türkmen nakyllary we atalar sözi edebiýatyň we diliň baýlygy bolup bilýänligi sebäpli, olar ylmyň bu ugurlarynyň hersine laýyklykda kesgitlenilýär. Mysal üçin, olar edebiýatda halk döredijiliginiň görnüşi hökmünde seredilip, özara tapawutlanyşy, žanr aýratynlygy we şuňa meňzeşler boýunça düşündirilýär. Emma dil bil

Sözlük – ygtybarly gollanma

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda, ýagny häzirki ylmy we innowasion ösüşler döwründe dürli görnüşdäki sözlükleriň düzülmegi jemgyýetçilik durmuşynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen dili türki halklaryň arasynda örän baý sözlük goruna eýe bolan dilleriň biri hasaplanylýar. Sözlük gorumyzdaky sözleri ähli öwüşginleri bilen kämil görnüşde geljekki nesillere elýeterli etmekde dürli görnüşli sözlükleriň düzülmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we dil medeniýeti bölüminde sözleriň, adalgalaryň manylary, olaryň many gatnaşyklarynyň meseleleri çuňňur öwrenilip, pudaklaýyn sözlükleri, iki dilli sözlükleri we kesp-kär, hünär bilen baglanyşykly sözlükleri, adalgaşynaslyk, grammatik, orfoepik we frazeologik sözlükleri düzmegiň üstünde işlenilýär. Sözlükçiler tarapyndan «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň», «Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň», «Kiberhowpsuzlyk adalgalarynyň sözlüginiň» düzülip, okyjylar köpçüligine ýetirilmegi hem bellärlikli ýagdaýdyr. Häzirki wagtda maksatnamalaýyn işlerden bölümde dil biliminiň, esasan, şu ugurlary boýunça ylmy işler alny

Milli buýsanç

Her bir halkyň milli gymmatlyklary, milli buýsanjy bolýar. Olaryň ählisi bilelikde, şol halkyň milli baýlygyny emele getirýär. Çünki, halky halk derejesine çykarýan onuň milli baýlyklarydyr. Ene dili şol baýlyklaryň naýbaşysydyr. Milli dili halkyň özboluşly, özge halkyňka meňzemeýän edebiýatyny, halk döredijiligini, sungatyny, medeniýetini emele getirýär. Türkmen dilinde ýaňlanýan halk aýdymlary, dessanlary, türkmen ruhy, watançylyk duýgusy siňen goşgular milli dilimiziň ajaýyp özboluşlylygydyr. Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Mämmetweli Keminäniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Gara Seýitliýewiň, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň we beýleki şahyrlarymyzyň türkmen diliniň iň şirin, iň naýbaşy sözlerinden döreden şygyr bossanlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli dilimiziň gymmatyny has-da artdyrýar. Döwürdeş şahyrlarymyzyň milli dilimiziň söz baýlyklaryndan peýdalanyp goşýan ajaýyp goşgularyny okanyňda, bagşylarymyzyň ol goşgulardan döredýän şirin aýdymlaryny diňläniňde, milli dilimize guwanýarsyň, buýsanýarsyň hem-de ene dilimiziň hakykatdan-da ruhy baýlygymyzdygyna ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiz milli baýlyklarymyz bolan dilimizi, däp-dessurlarymyzy, medeniýetimizi, ynsanperwerlik hä

Dil − halkyň gymmatlygy

Dil − ynsanyň ruhy dünýäsi. Sözler, söz düzümleri tarp ýerden döremeýär. Her bir sözüň, söz düzüminiň özboluşly emele geliş taryhy bar. Olaryň döremegi üçin durmuşy esas gerek bolýar. Şonuň üçin her bir diliň sözlük gorundaky sözler şol dili döreden halkyň owal-ahyr ýaşaýyş-durmuşy, ruhy älemi bilen berk baglanyşykly bolup, uzak eýýamlaryň dowamynda taplanyp kämilleşýär. Türkmen diliniň örän baý sözlük gory bolup, olaryň her biriniň döreýiş taryhy, many-mazmuny halkymyzyň taryhy, däp-dessurlary, medeniýeti, kesp-käri, pelsepesi, ruhy-ahlak kökleri barada örän köp gyzykly maglumatlary özünde jemleýär. Käbir sözler, söz düzümleri öz gözbaşlaryny örän gadymy döwürlerden alyp gaýtmak bilen köpmanylylyga eýe bolýarlar. Käbirleri bolsa taryhy wakalara, halkyň durmuşynda bolup geçýän hadysalara, dil we sözleýiş medeniýetinde bolup geçýän dürli öwrülişiklere täsirlenmek netijesinde, täze manylara eýe bolýar. Muňa durmuşda köpsanly mysallary getirmek bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly aladalary netijesinde, türkmen dilindäki köp sözleriň, söz düzümleriniň ulanyşdan galan manylarynyň täzeden dikeldilendigini, olaryň has işjeň ulanylyp başlanandygyny biz bilýäris. Biz Gahryman

Hasan Nisary we onuň taryhy eseri

Şahyrlar, edebiýatçylar neberesinden bolan Hasan Nisary ata-baba asly Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Isbirden obasyndan bolup, bar bolan maglumatlara görä, ol 1516-njy ýylda Buharada doglup, 1596/97-nji ýylda hem dünýäden ötýär. Onuň kakasyna Patşa Hoja, atasyna bolsa Abdylwahhap Hoja diýlipdir. Hasan Nisary özüniň «Müzekkiril-ahbab» atly tezkiresiniň hatymasynda (soňlamasynda) öz ata-babalary, dogan-garyndaşlary hakynda hem giňişleýin maglumat berýär. Tezkirede berlişine görä, onuň kakasy Patşa Hoja-da, Aryp edebi tahallusy bilen eser döreden atasy Abdylwahhap Hoja hem türkmen we pars dillerinde eser döretmegiň ussady bolupdyr. Olaryň iki dilde hem şygyrlar diwany bar eken. Ýöne bu eserler biziň günlerimize gelip ýetmändir. Hasan Nisary 1556-njy ýyldan soň ömrüniň ahyryna çenli ders bermek, ylym hem-de şygyr sungatyny öwrenmek we öwretmek bilen meşgullanýar. Şygryýetde ussatlyga ýetişen Hasan Nisary «Şahyrlaryň şasy» («Melikuş-şuara») diýen hormatly ada eýe bolýar. Onuň şahyrlyk şöhraty Hindistan, Kabul, Kaşgar ülkeleriniň halklarynyň arasynda hem meşhur bolupdyr. Hindistanyň şasy Ekberiň köşgüniň «Şahyrlar şasy» Kemaleddin Faýzy Dekeni ýaly şahyrlar Nisary bilen dostluk-döredijilik gatnaşyklaryny saklapdyr. Bu hakynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew

Beýik maksatlar rowaçlanýar

Berkarar Diýarymyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden bellenilip geçilýär. Ylmyň beýik ösüşleri ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurduň durmuşynda möhüm orun eýeläp, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şertleriň biri. Taryhy çeşmelerden bilşimiz ýaly, mähriban halkymyz hemme döwürlerde hem ylma-bilime, döredijilige, kitaplara uly sarpa goýan milletleriň biridir. Halkymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda adamzat siwilizasiýasyna uly goşant goşupdyr. Astronomiýa, geografiýa, matematika, lukmançylyk we beýleki tebigy ylymlar boýunça belent derejelere ýetipdir. Merwiň kitaphanasy ululygy we kitap gory boýunça şol döwürlerde dünýäde uly kitaphanalaryň biri bolupdyr. Mukaddes türkmen topragynda ilkinji ekerançylyk, obasenagat medeniýetleri, önümçilik döräpdir. Bu günki gün Nusaý, Dehistan, Merw, Köneürgenç, Amul, Abiwert, Änew taryhy-medeni goraghanalarymyzdan tapylan arheologik ýadygärlikler gadymy döwürlerde hem türkmen topragynda ylmyň we medeniýetiň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz adamzat siwilizasiýasynyň peýda bolan ilkinji merkezleriniň, dünýäniň gadymy ylmy oj

Döredijilikli zähmet — kämillige ymtylyş

Ylmy-tehniki öňegidişlik adamzadyň akyl zähmetiniň işjeňliginiň yzygiderli ösüş hereketidir. Akyl zähmetiniň mazmunynyň okgunly ylmylaşýan şertlerinde adamyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin onuň ukyp-başarnykly, ýokary hünär taýýarlykly, giň dünýägaraýyşly bolmagy zerur. Milli Liderimiz bu ugurda: «Ylmyň we tehnikanyň depginli ösmegi işgärlerden şol derejedäki bilim we aň taýýarlygynyň bolmagyny talap edýär» diýip nygtaýar. Munuň özi işgäriň adaty däl ýagdaýlarda tiz oýlanmagy hem dürs netije çykarmagy, islendik işe döredijilikli çemeleşmegi, kabul edýän çözgüdi üçin jogapkärçiligi öz üstüne almagy we öňünde goýan maksadyny durmuşa geçirmegi başarmagynyň wajyplygyny şertlendirýär. Şunda ähli ugurlarda we derejelerde, döwlet düzümlerinde hem-de ykdysadyýetiň hususy, durmuş ulgamlarynda islendik zähmet bazarynyň isleglerini kanagatlandyrjak hünärmenleriň hünäriniň yzygiderli ýokarlanmagyny, ilkinji nobatda bolsa, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda ökde hünärmenleriň taýýarlanmagyny gazanmak möhüm meseleleriň biri hasaplanýar. Ylmyň we tehnikanyň gazanýan üstünlikleri köpeldigiçe, intellektual eýeçiligi, şol sanda ylmy açyşlara we oýlap tapyşlara bolan eýeçiligi döwlet tarapyndan goramagyň ähmiýeti artýar. Eýsem, intellektual eýeçil

Öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.  Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde uly öňegidişlikler gazanyldy.

Hünär ugrundan iňlis dili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni babatlarda uly üstünlikler gazalynylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilim ugrundaky beýik işleri bu ugurdaky işgärleri we bütin halkymyzy begendirýär hem buýsandyrýar. Olar orta we ýokary mekdeplerimizde amaly we nazary dersleriň okadylyşynyň dünýä ülňülerine ýetirilip, barha kämilleşýändigi bilen baglydyr. Dilleri öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýedir. Iňlis dili esasy halkara dilleriň biri bolmak bilen, ylym-bilimde hem giňden peýdalanylýar. Şeýlelikde, ylym-bilim, hünär öwrenmeklik daşary ýurt dillerini kämil bilmek arkaly utgaşykly alnyp barylýar. Bu bolsa nazary we amaly taýdan kämil dünýä derejesine laýyk hünärmenleriň ýetişmegine uly ýardam berýär.