HABARLAR

«Kutadgu-bilig» eserinde sypatlaryň ulanylyşy

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýörelgelerinden rowaçlanyp türkmen milli ylmyny ösdürmäge giň ýol açylýar. Alnyp barylýan ylmy açyşlaryň, gözlegleriň jemgyýet üçin ähmiýetli bolmagy, türkmen ylmynyň dünýä ülňülerine laýyklykda, ösmegi üçin onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny, şonuň bilen birlikde, türkmen dil bilimini, onuň taryhyny öwrenmek, seljermek türkmen dilçileriniň gaýragoýulmasyz wezipesi bolup durýar. Dilimiziň taryhyny öwrenmekde, biziň ýazuw ýadygärliklerimiz esasy çeşmedir. Dil serişdelerine baý eserleriň biri hem Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu-bilig» atly eseridir. Muňa biz eseriň dilinde sypatlaryň ulanylyşyna ser salanymyzda göz ýetirýäris. Sypatlar närseleriň, düşünjeleriň hil aýratynlyklaryny bildirýär. Olar «Kutadgu-biligiň» dilinde hem orun alypdyr. Derňelen ýazuw ýadygärligiň dilinde sypatlary aňladýan manylary boýunça hil we otnositel sypatlara bölmek bolýar.

Dil – üstünlige badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimizde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň ählisi halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilendir. Ösüş-özgerişleriň röwşen ýolunda bedew bady bilen barýan mähriban Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly hem il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli şanly wakalara beslendi. Mähriban Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlarynda rowaçlanyp, ýurdumyzyň ylym-bilim, ykdysadyýet, halkara we beýleki pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bu günki gün her bir türkmenistanlynyň kalbynda ata Watanymyza belent söýgini, Gahryman Arkadagymyza çuňňur buýsanjy döredýär. Halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolýan döwründe dünýä dillerini kämil bilýän, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanmagy bu ugurdaky ilkinji zerurlyklaryň biridir. Sebäbi dil netijeli hyzmatdaşlygyň, adamzat aragatnaşygynyň esasy we zerur serişdesidir. Häzirki wagtda Diýarymyzda çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwretmek, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmekl

Ýaldyrakda gün sowar

Gazaklarda «Üç arhar», indeýlerde «Üç sugun», eskimoslarda «Üç dogan», belaruslarda «Üç uýalar» diýlip atlandyrylýan Üçýyldyz döwründen soň, ata-babalarymyzyň ýyldyz senenamasyna görä, Ýaldyragyň döwri başlanýar. Ýaldyrak ýyldyzynyň latynça ady edebiýat maglumatlarynda Sirius diýlip atlandyrylýar. Ýaldyrak ýyldyzy awgust aýynyň 12-sinde dogýar we sentýabr aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. Kyrk gün möwriti bolan bu döwre tomsuň «Uly çillesi» diýilýär.

Gyrymsy arçany çybygyndan köpeltmek

Gyrymsy arça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, gözel şäherimiz Aşgabat şäherinde bezeg-bagçylykda giňden ulanylýan, beýleki pürli agaçlara seredende, howa we toprak şertlerimize, kesellere, mör-möjeklere durnuklylygy, owadanlygy bilen tapawutlanýan agaçdyr. Pürleri açyk reňkli bolup, bezeg-bagçylykda şekil bermek üçin gyrkylmaga durnuklydyr. Gyrymsy arçany ösdürip ýetişdirmegiň dürli usullaryny ylmy esasda öwrenmek we onuň amatlylaryny saýlap almak ähmiýetlidir. Gyrymsy arça çybygyndan, tohumyndan, şahalaryny ýatyrmak bilen köpeldilýär. Arçany tohumyndan köpeltmek birnäçe kynçylyklary döredýär. Olaryň tohumlary ikinji ýyl ýetişýär, tohumlary stratifikasiýa etmek köp wagty talap edýär, sort aýratynlyklaryny saklamaýar, tohumlaryň gögerijiligi pes bolýar. Ösüşiniň başdaky döwürlerinde ösüş tizligi pes bolup, sagdyn adaty nahallary almak üçin köp wagt talap edýär. Şahalaryny ýatyryp köpeltmek usulyny hem ähli görnüşler üçin ulanyp bolmaýar, diňe ýere ýazylyp ösýän arçany bu usulda köpeldip bolýar. Şonuň üçin gyrymsy arçany çybygyndan köpeltmegiň ähmiýeti uly bolup, ol köp kynçylyklary aradan aýyrýar we netijeli usul hasaplanýar. Daşoguz welaýatynyň şertlerinde arça agaçlary şorlaşmadyk we çala şorlaşan topraklarda ösüp bilýär. Topraklar agdarylmazda

Ylmy-usuly esasda önümçiligi gurnamak (Dowamy. Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda).

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda hünärlere degişli täze tehnologiýalaryň, usullaryň üsti bilen dürli ugurlardaky hünärmenleri taýýarlamaga uly mümkinçilikler döredilýär. Zähmeti goramak boýunça jogapkär adamlaryň esasy borçlary zähmetiň howpsuz we sagdyn şertlerini (tehniki howpsuzlyk we önümçilik sanitariýa boýunça kadalary we düzgünleri, zerur bolan ýagtylygy) üpjün etmekden ybarat. Şu nukdaýnazardan, kärhananyň tassyklan meýilnamasynyň çäklerinde zähmeti goramak şertlerine laýyk geler ýaly işiň ýerine ýetiriliş usulyny kämilleşdirmek (jaýlaryň içiniň howasyny çalşyjy enjamlaryň işleýşini sazlamak, zähmeti goramak boýunça gerek bolan enjamlar hem-de tehniki görkezmeler bilen üpjün etmek çäreleri) göz öňünde tutulýar.

Tanyş boluň, ýaş alym!

Döwrangeldi Suwhanow — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby. Ol talyplygynyň ilkinji ýyllarynda «Ses buýruklary arkaly dolandyrylýan «akylly öý» atly taslamanyň üstünde işläp başlady. Öý barada düşünjelerimizi düýbünden üýtgedip biljek taslama soňky üç ýylyň içinde hödürlenen ähli bäsleşiklerde eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ýene bir ýyldan zähmet ýoluna başlajak talyp ýigit bu taslamany durmuşa geçirip, şeýlelikde, Türkmenistanda ilkinji «akylly öýi» gurup, has uly ýeňşi gazanmak isleýär. «Akylly öý» — geljegiň öýi, onuň taslamasyny türkmen talyby taýýarlady

«Miras» žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen neşir halkymyzyň ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri we açyşlar baradaky makalalaryň toplumyny çap etmegi dowam edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän ýyl häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan milli medeni we taryhy gymmatlyklara täzeçe baha bermäge mümkinçilik döretdi.

Ýurduň kuwwaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen, giň gerimli taslamalar, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizi beýik işlere ruhlandyrýan milli medeniýetimizi ösdürmäge, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmaga, olary tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäniň islendik ýurdunyň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda we ylymly-bilimli, päk ahlakly, watansöýüji nesliň kemala gelmeginde bilim berk binýat bolup hyzmat edýär. Hut şu zerurlyklardan, şeýle hem milli bilim-ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, ösüşiň innowasion nusgasyny seçip alan ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny çalt depginler bilen özgertmek, döwrebäp bilimli, döredijilikli pikirlenmegi başarýan, häzirki zaman ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň ählisinden baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini terbiýelemek ýaly döwrüň öňe çykarýan talaplaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda milli bilim ulgamy yzygid

Dil — ag­zy­bir­li­giň sa­ka­sy

Hal­ky­my­zyň ta­ry­hyň uzak dö­wür­le­ri­niň dur­muş pel­se­pe­le­ri­ne eý­le­nip eme­le ge­len baý mil­li gym­mat­lyk­la­ry bar. Paý­has­dan göz­baş alyp dö­rän şol gym­mat­lyk­la­ryň äh­li­sin­de adam­za­da ba­gyş edi­len asyl ýö­rel­ge­ler jem­le­nip, olar mil­le­ti­mi­ziň syn­ma­jak öz­bo­luş­ly ru­hy sü­tü­ni­ni eme­le ge­ti­rip­dir. Eme­le ge­liş kök­le­ri hal­ky­my­zyň dö­re­ýiş dö­wür­le­rin­den göz­baş­lan­ýan eziz ene di­li­miz, çuň­ňur ma­ny­ly söz­le­ri­miz te­bi­ga­tyň we pe­der­le­ri­mi­ziň ne­sil­le­re ba­gyş eden gaý­ta­lan­ma­jak gym­mat­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hal­kyň di­li, dil baý­lyk­la­ry, söz­le­ýiş me­de­ni­ýe­ti şol hal­kyň ru­hy dün­ýä­si, dün­ýä­ga­raý­şy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ma­ny-maz­mu­ny pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan ene di­li­mi­ziň söz baý­ly­gy eg­sil­mez ha­zy­na­dyr. Söz − yn­san gat­na­şyk­la­ry­nyň da­ýan­jy, kuw­wa­ty, ze­rur se­riş­de­si. Söz − yn­sa­nyň ba­şar­nyk-güý­jü­niň ru­hy ýü­ze çyk­ma­sy. Ýag­şy ke­lam, ýag­şy söz adam­la­ry bi­te­wü­li­ge ça­gyr­ýar, bag­ty­ýar ýa­şaý­şa ruh­lan­dyr­ýar. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da ata-ba­b

Köp dil­le­ri öw­re­nen türkmen alymy