HABARLAR

Sözlük — ygtybarly gollanma

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde uly mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistan − Bitaraplygyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň toýlanýan günlerinde ylym hakynda we ylmyň dürli ugurlary boýunça söz açmak diýseň buýsançlydyr. Türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde döwlet Garaşsyzlygynyň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda türkmen dilini ylmy esasda öwrenmek esasy ugurlaryň biri boldy. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, türkmen diliniň gadymy baý köklerini we edebiýatyny, edebi mirasyny öwrenmekde giň mümkinçilikler döredi. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän nusgalyk kitaplar türkmen diliniň täze ösüş ýoluna düşmegine we sözlük gorunyň baýlaşmagyna ýardam edýär.

Hytaýly alym Garaşsyz ýurdumyz hakynda

Hytaýly Mu Jenhua 90 ýaşdan geçen alym zenandyr. Ol ömrüni ylma we bilime bagyşlapdyr. Mu häzirki wagtda Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýaşaýar. Alym zenan ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soňra adamsy Hu Jenhua bilen birnäçe gezek Türkmenistana gelip görendigi we özünde galan täsirler barada saparynyň jemi hökmünde hytaýyň Merkezi Milletler uniwersitetiniň çap edýän žurnalynda giň göwrümli makala bilen çykyş etdi. Hytaýly alym zenan Mu soňky gezek 2010-njy ýylda Türkmenistana sapar bilen geldi. Ol bu gezekki saparynyň has täsirli hem gyzykly bolandygyny öz makalasynda hem beýan edýär. Esasan hem, ak şäherimiz Aşgabadyň öňkülerden has özgermegi, türkmen ýaşlarynyň öz milliligini ürç edip saklamagy ony haýran galdyrypdyr. Aslynda, onuň pikiriçe, häzirki wagtda, dünýäde medeniýetleriň globallaşýan döwründe türkmen ýaşlarynyň öz milli däplerini şeýle sarpa bilen saklaýandyklary diýseň täsirlidir diýip belleýär. Professor Mu paýtagtymyzdaky muzeýlere hem baryp görýär we olaryň özünde galdyran täsirleri barada makalasynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallasy we aladalary bilen Beýik Ýüpek ýolunyň esasy çatrygynda ýerleşen bu ýurtda ata-babalaryndan gelýän däp-dessurlara esaslanyp ýüpegiň öndürilişine we ulanylyşyna haýran gal

Nesilleriň hakydasynda ýaşaýan adam

Ynsanyň ýaşy ýokary galdygyça, yza — geçilen ýyllara dolanmagy gowy görer eken. Aramaram çagalygymyz, ýetginjekligimiz bile geçen düýnki dostlardyr deňduşlar bilen ýoldayzda, toýtomguda sataşýarys. Şol şadyýan, gaýgygamsyz döwri ýatlaýarys. Bize şeýle pursatlarda birek-birekden aýrylyşmak kyn düşýär. Ýatlamalar ýumagy çöşlenen mahaly hökman iki öý göz öňümde janlanar. Olaryň biri Hudaýberdileriň, beýlekisi bolsa Abdyllalaryň öýleridi. Oglanlaryň ikisi hemä golaý garyndaşdy, hemde goňşy ýaşaýardylar. Ýol ýakasynda ýerleşýän şol iki howly hemişe oglanlydy. Biz oýun oýnaýardyk, gülşüpdegişýärdik, jedelleşýärdik. Hudaýberdiniň ejesi Toka daýzada (onuň hakyky adynyň Hallynyýaz ekendigini ýaşym birçene ýetenden soňra bilip galdym), Abdyllanyň ejesi Ogulgül daýzada tüýs türkmen häsiýetli aýallar bolansoň, bize ýekeje gezegem gaşlaryny çytyp seredip, seslerini gataltmandylar.

Batbörekleriň taryhyndan

Adamzat irki döwürlerden bäri uçmak barada arzuw edipdir. Şol sebäpli howada uçup biljek haýsydyr bir guraly döretmek üçin köp synanyşyk edilipdir. Rowaýatlarda, ertekilerde we beýleki edebi eserlerde bu baradaky mysallara gabat gelmek bolýar. Tehnologiýanyň ösmegi bilen adamzadyň bu arzuwy hasyl bolupdyr. Irki döwürlerde bolsa, adamlar şemalyň güýjünden peýdalanyp, ýönekeý zatlary uçurmagyň aladasyny edipdirler. Şolaryň biri hem batbörek hasaplanýar. Maglumatlara görä, ilkinji batbörekler 3000 ýyl mundan ozal Hytaýda peýda bolupdyr. Şol döwürler kagyz we ýüpek bu ýurtda oýlanyp tapylypdyr. Batböregi ýasamak üçin hem ýeňil materiallar bolan kagyzdan, ýüpekden we ýüpden peýdalanylypdyr. Şeýle-de bolsa, onuň ilkinji gezek nirede, haçan, kim tarapyndan döredilendigi barada takyk maglumat ýok. Häzirki wagta çenli saklanyp galan gadymy batbörekleriň 200 ýyldan gowrak mundan ozal ýasalandygy çaklanylýar. Şonuň üçin alymlar batbörekler hakynda diňe halkyň arasynda saklanyp galan däp-dessurlara, rowaýatlara, sungat eserlerine salgylanmaly bolýarlar.

Ykbalymyz nurana Arkadag bilen

Toýlarymyzyň seresi bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyny, dünýäniň iri hem-de abraýly halkara bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 25 ýyllyk taryhy senesini ýokary ruhubelentlikde garşylaýan berkarar Diýarymyzyň egsilmez kuwwaty bolan biz—ýaşlaryň nurana ykbalynda taryhy wakalaryň hatarynda mynasyp orun alan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi: «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir. Men merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hasaplaýaryn». Tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan döwlet syýasatynda turuwbaşdan şeýle mizemez hakykata berk eýerýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, ylym öwrenmegi, hünär edinmegi, milli ruhumyza, kämil ýol-ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. Gahr

Ylymly menziller:maksatly ýollar — belent sepgitler

Ylymly bolmak mähriban halkymyza mahsus häsiýetleriň biri. Ata-babalarymyzyň ylym-bilim hakynda nesilleriň aňyna guýan pentleri, öwüt-nesihatlary, sargyt-wesýetleri deňiz damjalary deýin tükeniksiz. «Ylym asylly adamyň ýitigidir, nireden tapsa alybermelidir» ýa-da «Öwrenmäge ýaltanmadyk adam özüne gerekli zady gazanmakda uzak emgenmez», «Öwrenene döwran gülüp bakar», «Ylymly il ozar» ýaly aýtgylary, nakyllary, paýhasly sözleri ýaşuly pederlerimiziň dilinden öwran-öwran eşitmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem ylym-bilim we hünär bilen baglanyşykly ençeme öwüt-nesihatlar öz beýanyny tapýar. Bu ajaýyp kitapda «Alym gül getirer, ary bal», «Alyma amal ýaraşar» diýip nygtalyşy ýaly, ylmyň ösmegine uly goşant goşýan alymlar islendik ýurduň ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny beýan edýär. Ata-babalarymyzyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda döreden, ösdüren ylym-bilim, medeniýet babatdaky gazananlary hem bu günki gün diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ösmegine hem uly itergi berdi. Türkmen topragynda geçmişde Gadymy Nusaý, Dehistan, Änew, Merw, Sarahs, Abiwerd, Köneürgenç ýaly ylmyň gülläp ösen

— Bilgirje, «Lego» konstruktory barada aýdyp bersene...

—Diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ähli ýaşdaky adamlaryň hem söýgüsini gazanan «Lego» atly konstruktor-oýnawajy öndürýän kompaniýanyň düýbi 1932-nji ýylda tutulypdyr. Emma ilkinji konstruktorlar 1958-nji ýylda çykarylyp başlanypdyr. «Lego» sözi bolsa daniýalylaryň «Leg godt» sözlerinden emele gelip, «Gowy oýnamak» diýen manyny berýär. Emma latynçadan terjime edilende, bu söz «Men düzýärin» diýmegi aňladýar. Oýnawaja «Lego» diýip at beren Ole Krik Kristiansen munuň tötänlikdigini aýdyp geçipdir. Bu kompaniýanyň önümçiligini üpjün edýän zawod Daniýada ýerleşýär. Zawodda her gün 60 tonna golaý plastikadan «Lego» oýnawajynyň her dürli bölejikleri ýasalýar. Onuň bölejikleri bolsa jemi 60-dan gowrak reňke boýalýar.

Şähryslamyň şan-şöhraty dünýä ýaň salýar

ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerindäki taslama bäsleşiginiň 2020-nji ýyl üçin netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bilelikde hödürlän taslamasy ýeňiji hökmünde saýlanyp alyndy. Onuň çäklerinde Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Şähryslam arheologiýa ýadygärliginiň suw desgalary toplumynyň binalarynda rejeleýiş we dikeldiş işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi edarasynyň hem-de Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak we öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda bäsleşigiň ýeňijisini wideoaragatnaşyk arkaly yglan etmek we gutlamak dabarasy geçirildi. Onda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bölüm müdiri Ş.Herremow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdir

Raps ýagy

Raps kelemler maşgalasyna degişli bolup, ýag berýän birýyllyk ösümlikdir. Bu täsin ösümlik antioksidantlary E, A, D we B witaminler toparyny, karotinoidleri we mikroelementleri özünde jemleýär. Raps ýagy dürli naharlary, çörek we konditer önümlerini taýýarlamakda, lukmançylykda, kosmetologiýada, metallurgiýada, sabyn taýýarlamakda, dokma önümçiliginde, maldarçylykda, bioýangyç we biologiki plastmassa öndürmekde giňden ulanylýar.

Hasyl bolan ynam

Türkmenistanly ýaş alym ilkinji ýerli aýakgap boýagynyň taslamasyny işläp düzdi ÝAŞ ALYM BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT: şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan uçurym bolan Rasulbek Tangriberganow indi inžener-himik, tehnolog hünärli ýaş hünärmen. Talyplyk ýyllarynyň soňky günleri oňa ýatdan çykmajak ýakymy bagyşlady. Heniz institutyň üçünji ýyl talybyka ýerli şertlerde aýakgap boýagyny öndürmek boýunça gözlegleri geçirip başlan talyp ýigit bu gözlegleriniň oňyn netijesi bilen şu ýyl ýaş alymlaryň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.