HABARLAR

Göz aldadyjy suratlar nähili hereket edýär?!

Adamyň görüjiligi göz bilen birlikde beýnä hem agram salýandyr. Çünki alnymyzdaky her bir zat gözümize öz şöhlesini ugradýar. Eger beýnimiziň kömegi bolmasa, görýän zatlarymyzyň ählisini kadaly görmezdik. Adamlarda «Görmek — ynanmak» diýen düşünje bar. Hakykatdanam, biz görýän zatlarymyzyň çyn bolup çykmagyna şeýle bir öwrenişipdiris welin, onuň ýalan bolup biljekligi hakda şübhelenmek düýbünden oýumyza-da gelenok. Görýän şekilimiz nämäni aňladýar? Nämä meňzeýär? Nämäni ýatladýar? Gözlerimiz bu soraglaryň ählisine beýnimiziň kömegi bilen jogap berýär. Mahlasy, dünýä akyl ýetirmekde gözlerimiz iň gowy serişde bolup hyzmat edýär. Muňa garamazdan, käwagt gözlerimiz hem bizi aldap bilýär ekeni.

Ylym bagynyň bagbany

Her maşgalada nusgalyk adamlar bolýar. Olar maşgalanyň beýleki agzalaryna hem görelde bolýar. Göreldäni kakasy Aman Söýünden alan, çagalygy Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelen Hojanyýaz Amanow hukuk ylmynyň görnükli alymlarynyň biri. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda çuňdan beýan edilişi ýaly, ynsany kämillige ýetirýän, belentliklere atarýan döwletlilik ýörelgesinde ylym-bilim, zähmetsöýerlik, ynsaplylyk bilen birlikde, durmuş mekdebiniň kadalary — paýhas pendi hem uly orun tutýar. Bularyň ählisine Aman agalaryň maşgalasynda hem uly sarpa bilen garalýardy. Aman aga Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli ýyllarynda-da, ondan öňem, soňam halal zähmeti bilen daýhançylyk eden kişidi, öz sözüniň eýesi, hakykat ugrunda göreşijidi. Maşgalanyň üçünji perzendi Hojanyýazda hem kakasynyň şu häsiýetleri bardy. Ikinji jahan urşy ýyllarynda, heniz ýetginjek döwründe oňa eýýäm obada brigadirligi ynanýarlar. Urşa giden uly ýaşly adamlaryň ornuny tutmak bilen, şol ýowuz ýyllaryň ýetginjekleri zähmetde kemsiz taplanypdylar. Bu hakda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda täsirli beýan edilýär. 1930-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Körsagyr obasynda dünýä inen Hojanyýaz Amanow 1949-njy ýylda paýta

Ýaşlary ylma çekmek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçiliklerini artdyrmagyň, ýaşlary ylma çekmegiň ähmiýeti barada yzygiderli belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlary ylma çekmek, olary täze ylmy gözleglere höweslendirmek boýunça tagallalar edilýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz dünýä ylmynyň gazananlaryna, milli oňyn tejribelerimize laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmäge, önümçilik we pudaklar bilen arabaglanyşygy işjeňleşdirmäge, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglary ýaýbaňlandyryp, ýaşlaryň ylma çekilmegine uly ähmiýet berýär. Biziň ýokary okuw mekdebimizde hem ýaşlaryň ylmy barlaglar bilen meşgullanmaklary üçin degişli işler amala aşyrylýar.

Ylym hakda

Ýaşlygyndan ylym agajyny ekmedik garrylykda saýa edinere kölege tapmaz.Seneka. *  *  *

Ara­gat­na­şy­gyň mö­hüm se­riş­de­si

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ösüşleriň we üstünlikleriň döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim almaga, ylym öwrenmäge giň ýol açylýar, uly mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, döwrebap ylym öwrenmek üçin dünýädäki ylmy ösüşlerden habarly bolmaly, onuň üçin bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmek zerur. Ýurdumyzda islendik halkyň dilini öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler ýaşlardan diňe yhlasly okamagy, maksadaokgunlylygy talap edýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki zamanda islendik kärde, islendik pudakda işleseň-de, döwür bilen aýakdaş gitmek üçin iň möhüm aýratynlykdyr. Çünki, ýurdumyzda ylmyň ösüş depgini köp babatda tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Men ýokary okuw mekdebinde oba hojalygy ugrundan bilim alýan-da bolsam, her pursatda iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dilleriniň zerurlygyny duýýaryn. Dünýäde oba hojalygy ugrundan ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga-da, daşary ýurtlaryň oba hojalygynyň iş tejribelerini öwrenmek, ony okuwda, işde peýdalanmak üçin-de daşary ýurt dilleriniň haýsy hem bolsa birini bilmek işi ýeňilleşdirýär hem-de netijeliligi artdyrýar. Çünki türkmen halkynda «Dil — akylyň açary», «Dili süýjiniň

Çaganyň sözleýşini ösdürmek

Mälim bolşy ýaly, mähriban halkymyzyň milli ýörelgelerine beslenen ata Watanymyz bagtly çagalaryň ýurdudyr. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemek bolsa baş wezipeleriň biridir. Ata-babalarymyz nesil terbiýesinde pähimli sözleri ulanypdyrlar, olaryň dil baýlygyny ösdüripdirler. Şundan görnüşi ýaly, ýaş nesliň ene dilini bilmegi, kämil sözleýşi başarmagy zerurdyr. Şonuň üçin hem çagalara irki ýaşdan sözleýiş dili öwredilip, olaryň dil biliminiň kämil bolmagy gazanylýar. Irki ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşi bolsa ähmiýetli döwürdir. Ene dili çagada ilkinji gözellik terbiýesini berýän sapak bolup hyzmat edýär. «Meniň balajygym, meniň körpejäm!» ýaly mylaýym sözleri ene hemişe öz ogul-gyzyna aýdýar. Çaga ilki heň boýunça düşünýär. Soňra bolsa ýüz keşbinden şol sözleriň gowy sözlerdigine düşünýär.

Dünýä dilleriniň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Bu babatda milli hem-de halkara derejesinde üstünlikli hereket etmegiň, her bir işde oňat netije gazanmagyň bellibir şertleriniň bardygy mälimdir. Şunda dil bilmek we ony hünär ugrunyň aýratynlygyna laýyklykda ulanmagy başarmak, ösüşleri üpjün etmek bilen bagly meseleleri düýpli seljermekde we netije gazanmakda ilkinji talaplaryň biri bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyz milli dilimizi we daşary ýurt dillerini diňe bir maşgala dili ýa-da jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky umumy aragatnaşyk serişdesi hökmünde ulanman, ony hünär dili hökmünde ulanmaga girişdiler. Daşary ýurt dilleri döwrebap ösüşe itergi berýän aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki zaman adamlarynyň durmuşynda esasy orny eýeleýär. Döwür öz kanunlarynda we durmuş ýörelgelerinde ýaşlara giň gözýetimli bolmaga ýardam edýär. Ýaşlara beýleki halklaryň medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmek, olar bilen tanyşmak, özara pikir alyşmak zerur bolup durýar. Bu bolsa döwletara gatnaşyklarda durmuşyň köp ugurlarynda (ylymda, syýasatda, medeniýetde) ýaşlaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmeklerine ýardam edýä

Elektron kitaphanalaryň ýokary mümkinçilikleri

Geljegimiz bolan ýaşlaryň kämilligini ähli zatdan belentde goýýan hormatly Prezidentimiz ylmyň ýeten derejelerini ýurdumyzyň bilim ulgamyna düýpli ornaşdyrmagyň möhümdigini yzygiderli belleýär. Şoňa laýyklykda, bilimiň, ylmyň esasy daýanjy bolan kitaphanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak, olaryň netijeliligini artdyrmak döwrüň esasy wezipeleriniň biridir. Bu wezipe elektron kitaphanalaryň baýlaşmagy hem-de okyja elýeterliligi bilen berk baglanyşyklydyr. Elektron kitaphanalardan peýdalanýanlaryň köpelmegi olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Okamagyň çägi ýok

Ynsan okadygy, öwrendigi saýy kämilleşýär we teşnäniň suwdan ganmaýşy ýaly, entek öwrenere zadyň kändigine göz ýetirip, okamagyny dowam edýär. Okalan her bir kitap ony ýene-de okamaga ruhlandyrýar. Umuman aýdylanda, okamak ömürboýy dowam edýär. Indi bolsa, kitap muşdaklarynyň durmuşyndan alnan käbir wakalary size ýetirmegi makul bildik. Beýik alym Hammad er-Rawiýeden: “Ylym bilen meşgullanyp ýadamadyňmy, indi bes etseň näder?” diýip soranlarynda, ol: “Nädeýin, bar güýjümizi ylma sarp etdik, ylmyň soňuna ýetmedik. Bir dagdan aşdym diýýän welin, başga bir dag garşymyzdan çykýar duruberýär” diýipdir.

Terbiýe — bagtly durmuşyň gözbaşy

Ylym-bilim — bahasyny kesgitläp bolmaýan gymmatlyk. Ynsan ömrüniň islendik sahypasyny açyp göreniňde-de, onuň her bir pursatynyň ylym-bilimiň gazananlary bilen baglanyşyklydygyny görmek bolýar. Onsoň ýaňy dogan çaganyň ilkinji pursatlaryndan başlap, ynsanyň soňky ýoluna çenli durmuş hemrasyna öwrülen ylym-bilim atly baýlygyň häzirki zaman ösen derejeleri baradaky gürrüňi hut ajaýyp zamanamyzyň täzeçillikleri bilen baglanyşdyrmak üçin mysallary näçe getirseň getiribermeli. Ýöne ynsan üçin durmuşda ylmyň zerurlygy ýaly, agramyny şondan pes ölçegler bilen kesgitlemek mümkin bolmadyk gymmatlyk hem bar. Ol gymmatlyk — terbiýe, edep-ekram. Çünki terbiýe — durmuşda ýol aşmak üçin wajyp bolan zerurlyklardan ýüküňi ýetirmek endigini kemala getirýän ägirt uly güýç. Adam durmuşynda öwrümli ýollary geçmek bilen terbiýelenýär, käbir endikleri özünde jemleýär, hünär öwrenýär. Şularyň ählisinde köp zatlara akyl ýetirmek üçin, ilki bilen, üns berip diňlemek endiginiň bolmagy, soňra ussatlyga ýetmek üçin irginsizligiň we tutanýerliligiň bolmagy zerurdyr. Terbiýe, elbetde, çagalykdan ynsan oglunyň hemrasy. Ol ilkinji ädimlerinden ululardan görelde alýar. Soňra olaryň aýdanlaryny beýnisine guýup, gowulyklary birýana, erbetlikleri birýana edip saýhallamagy öwrenýär.