HABARLAR

Ylmy-barlag işlerimiz

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzda ylym-bilim pudagynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu pudaga döwrüň täze tehnologiýalary, multimedia serişdeleri işjeň ornaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy bilen Garaşsyz ýurdumyzda himiýa ylmy we tehnologiýalary ösdürilýär, täze önümçilik kärhanalary döredilýär. Munuň özi bäsleşige ukyply ýaşlaryň ykdysadyýetiň pudaklarynda tejribe işlerine gatnaşyp, ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk ugurda düşünjeleriniň artmagyna, ylmy işlere çekilmeklerine ýardam berýär. “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Milli ykdysadyýeti toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistan döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna häzirki zaman innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Kabul edilen täze maksatnama laýyklykda, ýakyn bäş ýylda himiýa ylmynyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän

Bilim ― parahatçylygyň ganaty

Akyldarlaryň biri: «Bilim adamzady kämilligiň belentliklerine alyp çykýan basgançakdyr» diýipdir. Şonuň üçin hem islendik döwletde okgunly ösüşi gazanmak üçin ilkinji nobatda, kämil bilim ulgamy zerur bolup durýar. Bu ýörelgä eýerýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýaş nesle bilim bermek babatynda pederlerimizden geçip gelýän tejribeleri häzirkizaman halkara gatnaşyklary bilen ösdürýär. Hususan-da, dünýäniň iri bilim guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyklarymyz bilelikdäki ösüşi gazanmaga has uly mümkinçilik berýär. Ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylýan bilim boýunça halkara gatnaşyklar Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany ýylynda has täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmenistan BMG-niň bu iri guramasyna 1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda agza boldy. Şondan bäri hem ýurdumyz ÝUNESKO-nyň esasy iş ugurlary boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda bolup geçen iri wakalar bu hyzmatdaşlygyň niçik uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň görkezdi.

Dil aragatnaşygyň möhüm serişdesidir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy, ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar döwrebap terbiýelenýär. Şonuň üçin hem bu günki ýaşlar ene dilimizi we dünýä dillerini suwara bilýärler.

Belent üstünlikleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny halk hojalygynyň pudaklaryna giňişleýin ornaşdyrmak, ýaşlaryň hünär ussatlygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Jemgyýeti ösdürmegiň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde bilim ulgamy ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm orny eýelemek bilen, berkarar Watanymyzyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu ulgamyň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň, jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda hil taýdan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi göz öňünde tutulyp, ony ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzda başlanan anyk maksatnamalaýyn işler häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gülläp ösüşini, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň artmagyny, milletiň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyny nazarlaýar. Şonuň üçin ýurdumyzda belent maksatlara gönükdirilen işleri amal etmek üçin ýaşlaryň adamzadyň ylym-bilimde we hünär taýýarlygynda gazanan tejribesini özleşdirmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň maksady hem döredijilik

Ylym-bilim biziň ähli ösüşlerimiziň binýady (Ylym we tejribe)

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň tomsunda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran üstünlikli iş saparynda bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekmek barada birnäçe tabşyryklary we görkezmeleri berdi. Şondan ugur alyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw-tejribe hojalygynda aralyk ekinleriniň birnäçe görnüşleri ylmy esasda ösdürilip ýetişdirildi. Biz hem gazetimiziň şu sanynda oba hojalygynyň ygtybarly bilim ojagynyň mugallymlarynyň aralyk ekinler hakynda taýýarlan ylmy makalalaryny size ýetirmegi makul bildik. DARY

Beýik ösüşleriň şuglasy

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne deňelýär. Ähli ösüşleriň gözbaşyndaky ylym uly güýç hasaplanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilimde ýetilýän sepgitler her birimizi buýsanja besleýär. Ýurdumyzda netijeli özgertmelerdir durmuşa geçirilýän işler ylym-bilimiň ýörelgelerinden ugur alýar. Eziz Diýarymyzda düýpli ösdürilýän ylym ulgamy dünýä derejesinde gazanan ösüşlerimiziň üstüni ýetirmäge, seljermäge giň mümkinçilikler döredýär. Şu geçen döwürde ulgamyň döwrebap binýady pugtalandyrylyp, ylmyň täze gazanan üstünlikleri bilen berkidilýär. Ylym-bilime uly sarpa goýýan paýhasly pederlerimiziň döwletli ýol-ýörelgeleri bu günki günde döwrebap dowam etdirilýär.  Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ylmyň gazananlaryna daýanýan giň gerimli maksatnamalarda tutumly işler has anyk kesgitlenendir. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ylmyň gazananlaryna giňden orun berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrylan häzirki zaman döwrebap bilim ojaklary döredildi. Ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, sowatlaryny artdyrmak üçin

Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde täze dersler hem okadylyp başlanyldy. Ine, şeýle dersleriň biri «Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti». Dersiň maksady talyplara edebi dilimiziň kadalaryny, söz baýlygyny, grammatik mümkinçiliklerini ýerlikli ulanmagy öwretmekden ybaratdyr. «Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti» dersinde edebi dilimiziň sözleýiş we ýazuw görnüşleriniň aýratynlyklary, edebi kadalar hem-de fonetik, leksik, grammatik serişdeleriň çeper, syýasy-publisistik, ylmy, resmi-iş stillerinde ulanylyş medeniýeti hakynda giňişleýin maglumat berilýär. Ýeri gelende bellesek, türkmen dili Watanymyzyň döwlet dilidir. Ol türkmen umumyhalk diliniň orfoepik, orfografik, leksik, grammatik nukdaýnazardan kadalaşan kämil nusgasy, çeper, ylmy, syýasy-publisistik edebiýatlar ýazylýan, ösen milli edebi dilleriň biri hasaplanylýar. Döwlet dili hukugyna eýe bolan ene dilimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetçilik hyzmaty has giňäp, ol sözüň doly manysynda bilim-terbiýäniň, ylmy, syýasy-publisistik edebiýatlaryň, metbugatyň diline, döwleti dolandyryş guralyna öwrüldi. Döwür raýatlaryň ene dilimiziň edebi kadalaryny, stil aýratynlyklaryny düýpli özleşdirmeklerini we dil serişdelerinden ýerlikli peýdalanyp bilmeklerini talap edýär. Geljekki inženerleriň ene dilini kämilleşdirmek we sö

Kaleýdoskop

Kaleýdoskop turba görnüşli optiki enjam bolup, öz aralarynda burç emele getirýän tekiz aýnalaryň ýagtylygy serpikdirmesi arkaly şekilleri görkezýär. Kaleýdoskopda görünýän nagyşlaryň mukdary enjamyň içinde oturdylan ikiden dörde çenli ýa-da ondan köp bolýan aýna bölekleriniň sanyna baglydyr. Kaleýdoskop turbasynyň bir ujunda ýalpyldysyz aýna we beýleki ujunda ondan kiçiräk ýalpyldawuk aýna oturdylýar. Turbanyň içine, ýagny aýnalaryň aralaryna dürli ululykdaky gülleriň şekilleri, monjuklar, düwme we başga-da üýtgeşik şekiller ýerleşdirilýär. Kaleýdoskopy ýagtylyga bakdyryp, onuň öňdäki halkasyny towlamak bilen, şöhläniň birnäçe gezek serpikmegi netijesinde ýerlerini üýtgedýän owadan simmetrik nagyşlary görüp bolýar. Iň gyzykly ýeri hem, bir gören nagşyň ikinji gezek gaýtalanmaýar. Kaleýdoskop grekçeden terjime edilende «Owadan şekile seredýärin» diýmegi aňladýar. Şotland fizigi Dewid Brýuster 1816-njy ýylda ýagtylyk bilen bagly geçiren tejribesiniň dowamynda kaleýdoskopy oýlap tapýar. XIX asyrda onuň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýulýar. Şol döwürler kaleýdoskopyň meşhurlygy has-da artyp, Amerikada ýaýrap başlaýar. 1870-nji ýylda amerikan alymy Çarlz Buş Ýewropadan getirilen kaleýdoskop oýnawajyny görýär we tiz wagtda ony döwrebaplaşdyrýa

Gün energiýasy gurluşyk senagatynda (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly ýaş alym Gün energiýasyny beton önümçiliginde peýdalanmagy teklip edýär Ýaş alym barada maglumat: Serdar Bekmämmedow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby. Gün energiýasyny beton önümçiliginde ulanyp boljakdygyna göz ýetiren talyp ýigit ýurdumyzyň gurluşyk senagaty üçin ýagty geljegi bolan bir taslamanyň üstünde üstünlikli işleýär. Onuň ylmy delilleri şeýle boljakdygyna ynamyňy has hem güýçlendirýär. Ýaş alym bu taslama bilen şu ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan yglan edilen bäsleşikde ikinji orny eýeledi.

Gymmatly eser

Mähriban halkymyzyň saglygyny goramak, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, biziň güneşe baý topragymyzda dermanlyk häsiýeti bilen belli bolan ösümlikleriň örän köp görnüşleri ösüp ýetişýär. Milli Liderimiz şol ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdasy baradaky maglumatlary «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň üsti bilen beýan edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda çapdan çykan bu eseriniň täze on ikinji jildi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, şeýle hem ähli ildeşlerimiz üçin möhüm ähmiýetli waka, işde ulanmaga tapylgysyz gollanma boldy. Gymmaty egsilmeýän her bir kitap adama işde, durmuşda uly kömek edýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri aýdyň beýan edip gelýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli kitabynyň täze jildi şeýle häsiýete eýedir. Bu eser halkymyzyň we umumadamzadyň saglygyny gorap saklamakda lukmançylyk nukdaýnazardan ylmy çeşme bolmak bilen, ösüp gelýän ýaş nesle türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň ulanylyş ýollaryny, peýdaly taraplaryny öwredýär.