HABARLAR

«Volks­wa­gen»-iň ma­ha­bat diň­le­ri

Ger­ma­ni­ýa­nyň Wolfs­burg şä­he­rin­dä­ki «Volks­wa­gen» za­wo­dy­nyň go­la­ýyn­da «Au­tos­tadt» (aw­tou­lag şä­her­ji­gi) ýer­leş­ýär. «Au­tos­tadt» iki sa­ny köp gat­ly aý­na mi­na­ra­dan yba­rat bo­lup, kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze ön­dü­ri­len mo­del­le­ri şol ýer­de wit­ri­na çy­ka­ryl­ýar. Si­lindr gör­nüş­li, mer­ke­zin­de ulag­la­ry ýo­ka­ry gö­te­rip, aşak dü­şür­ýän öz­bo­luş­ly lif­ti bo­lan bu bi­na­la­ryň be­ýik­li­gi 60 metr bo­lup, her bi­ri­ne dört ýüz­den gow­rak ulag ýer­leş­ýär. Bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da esa­sy se­riş­de hök­mün­de aý­na ula­ny­lyp­dyr. Ýag­ny bi­na­nyň için­den da­şy­ny, da­şyn­dan içi­ni syn­lap bol­ýar. Ýer­li ýa­şaý­jy­lar mi­na­ra­la­ry «aw­tou­lag du­ral­ga­sy» di­ýip at­lan­dyr­sa­lar-da, bu­lar «Volks­wa­gen»-iň tä­ze önüm­le­ri­ni ma­ha­bat ed­ýän ýe­ri­dir. Mi­na­ra­lar 700 metr­lik ýe­ras­ty tun­nel ar­ka­ly za­wo­da bi­rig­ýär. Za­wod­dan çy­kan «wolks­wa­gen­ler» tun­nel­dä­ki rels­le­re mü­nüp, ýer­ze­min­den gö­ni ma­ha­bat bi­na­sy­na gel­ýär. Bu ýer­de tä­ze ulag­lar se­kunt­da iki metr tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän lift ar­ka­ly ýo­ka­ry

Sun­gat köp­rü­si­niň söý­gi gulp­la­ry

Fran­si­ýa sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri bo­lup, bir­nä­çe bi­na­gär­lik gur­lu­şy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Meş­hur Eý­fel di­ňi, Mon-Sen-Mi­şel ga­la­sy, Şam­bor köş­gi, Že­ne­wa kö­lü­niň ke­na­ry, dün­ýä­niň «atyr paý­tag­ty» Gras­ şä­he­ri, Li­on hem-de Stras­burg ta­ry­hy şä­her­leri, Şa­moni ly­ža şy­pa­ha­na­sy, Wer­sal la­bi­rint ba­gy sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­dir. Fran­suz ins­ti­tu­ty bi­len Luw­ruň mer­ke­zi meý­dan­ça­sy­ny bir­leş­dir­ýän «Pont des Arts» py­ýa­da köp­rü­si hem uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Se­na der­ýa­sy­nyň üs­tün­den geç­ýän bu köp­ri 1802-1804-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da gu­rul­ýar. «Sun­gat köp­rü­si» ady­ny alan py­ýa­da ge­çel­ge­si şol dö­wür­de gur­lan il­kin­ji me­tal köp­ri bo­lup­dyr. 1975-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň mil­li ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şu­lan bu köp­ri sun­gat ser­gi­le­ri­niň me­ka­ny­na öw­rül­ýär. 1991-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bi­len sun­gat köp­rü­si­niň meş­hur­ly­gy has-da ar­typ baş­la­ýar. 2008-nji ýyl­da

Taryhda şu gün

1339-njy ýy­lyň 25-nji no­ýab­ryn­da Mosk­wa Krem­li­niň dub­ aga­jyn­dan edi­len di­war­la­ry go­ýul­ýar. Dub­dan gur­lan di­war­la­ra 1365-nji ýyl­da ýan­gyn ze­rar­ly ze­per ýe­ten­soň, 1367-nji ýyl­da Dmit­riý Dons­kiý hä­zir­ki Krem­liň çä­gin­de daş di­war­la­ry gur­dur­ýar.

Dün­ýä ha­bar­la­ry gys­ga se­tir­ler­de

In­di­ki sam­mit Hin­dis­tan­da ge­çi­ri­ler. 2023-nji, 2024-nji we 2025-nji ýyl­lar­da guraljak G20-iň sam­mit­le­ri, de­giş­li­lik­de, Hin­dis­tan­da, Bra­zi­li­ýa­da we Gü­nor­ta Af­ri­ka­da ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da In­do­ne­zi­ýa­da ta­mam­la­nan sam­mi­tiň jem­leý­ji res­mi­na­ma­syn­da aý­dyl­ýar. Şeý­le­lik­de, in­di­ki sam­mit gel­jek ýy­lyň 9-10-njy sent­ýab­ryn­da Nýu-De­li­de ge­çi­ri­ler.

Iň iri ýel bekedi gur­lar

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri we Mü­sür, COP27 ho­wa sam­mi­tin­de umu­my kuw­wa­ty 10 gi­ga­wat bo­lan ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny gur­mak ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Mü­sür­de ýel stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy­ny Mü­sü­riň «Ha­san Al­lam Uti­li­ti­es» gu­ra­ma­sy bi­len şert­na­ma bag­la­şan BAE-niň «Mas­dar» ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy ama­la aşy­rar. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, kuw­wat­ly­ly­gy

«Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda 24-nji noýabrda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bilelikde gurnamagynda «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar we mährem eneler  watan mukaddesligi we perzentlik borçlary barada gürrüňler etdiler.

At fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di

Go­laý­da Mon­go­li­ýa­nyň Hen­tiý se­bi­tin­de her ýyl­da gu­ral­ýan at fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di. Bu çä­re atçylyk me­de­ni­ýe­ti­ni gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek, mon­gol ça­pyk­su­war­la­ry­nyň ba­tyr­ly­gy­ny, çe­ýe­li­gi­ni, güý­jü­ni bar­la­mak we gyş sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň ös­me­gi­ne iter­gi ber­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. Bu ge­zek­ki çä­rä ýur­duň äh­li kün­je­gin­den 200-den gow­rak ça­pyk­su­war we 1 müň tö­we­re­gi at gat­naş­dy. Mon­go­li­ýa­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi we Hen­tiý se­bi­ti­niň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­na­lan fes­ti­wa­lyň çä­gin­de at ça­py­şyk ýa­ryş­la­ry hem-de at­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly ser­gi ge­çi­ril­di.

2022-nji ýy­lyň iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­la­ry

«In­terb­rand»-yň pro­fil go­ry 2022-nji ýyl­yň iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­la­rynyň sa­na­wy bi­len ta­nyş­dyr­dy. Sa­na­wyň öňü­ni ýe­ne-de «App­le» çek­di. «App­le» 10 ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li bi­rin­ji orun­da dur­ýar. Şu ýyl kor­po­ra­si­ýa­nyň ba­ha­sy 482,2 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. Bu görkeziji 2021-nji ýy­la ga­ra­nyň­da, 18% köp­dür.

«APEC»-iň ýol­baş­çy­larynyň sammiti

Elekt­ron wi­zany işe gi­riz­di

In­do­ne­zi­ýa­nyň hä­ki­mi­ýet­le­ri 46ýurduň sy­ýa­hat­çy­laryna elekt­ron wi­za ber­me­gi res­mi­leş­dir­mek bo­ýun­ça on­laýn hyz­ma­ty ýo­la goý­dy. «In­do­ne­zi­ýa­nyň Ka­da-ka­nun­lar mi­nistr­li­gi ýur­da gel­ýän da­şa­ry ýurt­ly ja­han­keş­de­ler üçin im­mig­ra­si­ýa hyz­mat­la­ry­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len «mo­li­na.imig­ra­si.go.id» saý­tyn­da «e-VoA» wi­za­sy­ny al­mak üçin res­mi taý­dan elekt­ron hyz­ma­ty işe gi­riz­di. Şeý­le hem tä­ze­le­nen ul­ga­myň kö­me­gi bi­len sy­ýa­hat­çy­lar in­di wi­za tö­leg­le­ri üçin no­ba­ta dur­ma­ly bol­maz­lar» di­ýlip, ne­şir­de bel­le­nil­ýär.