HABARLAR

Ýürekden bir sözüm bar

Arkadagly Serdary bar türkmeniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanan döwletli işler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri netijesinde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda ösüş-özgerişler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurt ähmiýetli, il bähbitli tutumly işleriň her biri taryhy wakalara beslenýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: beýik başlangyçlara badalga

Taryhy çözgütler kabul ediler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň belent sepgitleri, taryhy wakalary türkmen halkyny guwandyryp, ýeňişli menzillere galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleri rowaçlanýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanyp, ähli ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler özüniň gowy netijesini berýär.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Tebigy gazyň akymy artýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde nebit-gaz ulgamy ösýär, özgerýär. Mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda tebigy gazy diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak babatda möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Tebigy gazynyň möçberi boýunça dünýäde belli bolan «Galkynyş” gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Belent sepgitler, taryhy wakalar bilen dabaralanýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşli ýoluna itergi berýär. Şanly ýylymyzda milli ykdysadyýetimizde we beýleki ulgamlarda gazanylýan üstünlikler jemgyýetimizde bolup geçýän taryhy wakalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky guwandyryjy taryhy wakalar, syýasatda, ykdysadyýetde ýetilýän ýeňişli sepgitler halkymyzyň ata Watanymyzyň abadan ertirine ynamyny artdyryp, ýokary ruhubelentligi döredýär. Şeýle ynam Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýeňişli menzillerinde has-da berkeýär.

Hadysasyz ýollar — döwrüň talaby

Ýurt Baştutanymyzyň görkezmesi esasynda, her ýylda geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy dowam edýär. Döwlet derejesinde guramaçylykly ýola goýulýan bu çäräniň maksady abadan, rahat durmuşy üpjün etmekden ybarat. Rotamyzyň gözegçileri köçe-ýollara gözegçiligi güýçlendirip, wagyz-nesihat işlerini hem ýola goýýarlar. Olarda halk köpçüligine ýollarymyzyň we köçelerimiziň hadysasyz bolmagyny üpjün etmegiň maşgala abadançylygymyzyň, ömrümiziň rahatlygynyň kepilidigini täsirli düşündirýäris.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Zähmet - durmuş gatnaşyklarynyň kanunçylygy Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde köpugurly düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu özgertmelerem ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösüşine itergi berýär. Garaşsyz döwletimiziň kanunçylygy ösüşli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Täze kanunlaryň kabul edilmegi jemgyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň rowaçlanmagyna bähbitli täsirini ýetirýär.

Asudalygyň goragynda

Eşretli durmuşyň gözbaşy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Bu işleriň maksady halkymyzyň saglygyny berkidip, abadan durmuşymyzyň berkararlygyny gazanmakdan ybaratdyr. Neşekeşligi aradan aýyrmakda ýetilýän sepgitler zyýanly endikleriň öňüni almak bilen utgaşykly alnyp barylýar.

“01” gullugynda

Bilim-terbiýe edaralarynda ýangyn howpsuzlygy Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäher ÝHB-niň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň maýory Aman HOJAKOW bilen duşuşdy we bilim-terbiýe edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.

Baýramçylyk dabarasy

Ýakynda Köýtendag etrabyndaky «Lebap» sement zawodynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa dürli kärde zähmet çekýän hünärmenler we il sylagly ýaşulular gatnaşdy. Ruhubelentlige beslenen dabara gatnaşan ildeşlerimiz çykyş edip, ýürek buýsanjyny beýan etdiler. Şeýle hem sanlyja günden ýurdumyzda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy bilen Arkadagly Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli türkmen halkyny gutladylar. Medeniýet işgärleriniň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Şanly ýyl mynasybetli

Tejen etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimligi, etrabyň hukuk goraýjy edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan duşuşyga edara-kärhanalaryň ýaş işçi-hünärmenleri, ýaşlar gatnaşdy. Gözel diýarymyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeler, beýik döwrümiziň gadyr-gymmaty, barha rowaçlyga beslenýän ýaşlar syýasaty dogrusyndaky çykyşlar duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy. Çykyş edenler milli däp-dessurlara, ýol-ýörelgelere goýulýan çäksiz sarpa hakdaky gürrüňe hem ünsi çekmek bilen, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça gymmatly öwütlerini aýtdylar.