HABARLAR

Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag!

Hemmämize mälim bolşy ýaly, düýn Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni boldy. Şol gün ýurdumyzyň baýramçylyk şowhuny artyp, alym Arkadagymyzyň ýaş toýuny gutlap, sungat işgärleriniň taýýarlan baýramçylyk konserti uly ruhubelentlikde dabaralandyryldy. Biziň welaýatymyzda-da şeýle dabaralara giň orun berildi.

Täze jaý — bagtdan paý

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar.

Asudalygyň goragynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda adamlaryň asylly zähmet çekmekleri hem-de gowy dynç almaklary hakda uly aladalar edilýär. Günsaýyn gülläp ösýän ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam hasaplanylýar hem-de bu wajyp mesele döwlet syýasatynda möhüm ugur bolup durýar. Bedew batly ösüşlere beslenýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde mähriban halkymyz erkin, abadan, eşretli we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ata Watanymyzda tutulýan her bir beýik tutumlaryň özeninde diňe halkyň bähbidi, raýatlarymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamaklary hakda uly aladalar bardyr. Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminde geçirilen «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» atly maslahatda hem bular babatda giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň, Aşgabat şäher Zenanlar guramasynyň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň wekilleri çykyş edip, mähriban Watanymyzda bu ugurda bitirilen beýik işler dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Maslahatda hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri ýurdumyzda kanunçylyk binýadyny berkitmekde

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede täze tanyşjak adamlarynyň hamallar bilen köp meselelerde pikirdeş bolmagy olary begendirer. Işleriň akymy başga bir tarapa üýtgäp biler. Köpden bäri sizi ýaýdandyrýan meýilnamalar hakynda çynlakaý pikirlenmegiň wagty geldi.

Görki gözel ak şäher

Gözel Aşgabadyň bu günki ýeten belent sepgitleri, ak mermere beslenen ajaýyp keşbi ähli halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirýän paýtagtymyzy mundan beýläk hem ösdürmek we kämilleşdirmek babatdaky belent maksatlaryň netijesinde merjen şäherimiz diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň hem ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Durmuşa geçirilýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem Aşgabadyň batly depginler bilen okgunly ösmeginde möhümdir. Paýtagtymyzyň döwrebap ösen şähere mahsus aýratynlyklarynyň biri hökmünde onuň binagärlik keşbiniň tebigatyň ajaýyplyklary bilen kämil sazlaşygy emele getirýändigini bellemek bolar. Häzirki tomus paslynyň dowam edýän günlerinde gür baglyga beslenen seýilgähler ak şäherimiziň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabadyň çäginde seýilgäh zolaklarynyň yzygiderli döredilýändigi, Arkadagly Serdarymyzyň paýtagtymyzyň gözel keşbiniň barha kämilleşmegi bilen bir hatarda, onuň arassa ekologiýa gurşawynyň döredilmegi ugrunda hem taýsyz tagallalary edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Sagdyn nesil — röwşen geljek

Baldan süýji balalar bagtyýar durmuşyň gül-gunçalarydyr. Çagalar — geljegimizi ýagtyldýan, nurlandyrýan güneş. Olar biziň röwşen ertirlerimiz, geljegimizdir. Şonuň üçin Arkadagly Serdarymyzyň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ösüşler, üstünlikler nesillerimiziň ýagty geljeginiň hatyrasynadyr. Ýaş nesil döwletiň geljegine deňelýär. Şoňa görä-de, sagdyn, döredijilikli, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösen, işjeň çagalaryň kemala gelmegi döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. Güneşli Diýarymyzyň gözel tebigaty bar. Gök arçalara bürenip oturan «Gökdere» jülgesindäki we gojaman Hazar deňzini jähekläp oturan «Awazadaky» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly, manyly geçirýär. Suw howdanlary, sport meýdançalary, dynç alyş seýilgähleri hut bagtyýar çagalara niýetlenendir. Bu ýerlerde çagalaryň dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan we ruhubelent geçirmekleri, bedenlerini taplamaklary üçin örän ýokary derejede ähli amatlyklar dö

Nusgalyk ýoluň dowamy

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza toý saparyny amala aşyryp, döwletli işlere badalga bermegi welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly, parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň, ýurdumyzy ösdürmeklige gönükdirlen uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar, halkara abraýy arşa göterilýär. Halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Arkadagly Serdarymyzyň sahawatly Şa gadamynyň düşen ýeri gül-gülzarlyga, bereket çeşmesine öwrülýär. Gözümiziň alnynda türkmen topragy, şäherlerimiz, obalarymyz gözel görke gelýär. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiziň “Watan halky bilen Watandyr, döwlet halky bilen döwletdir” diýip, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin döredip berýän ajaýyplyklarynyň hözirini görüp ýaşaýarlar.

Ýagty ertirimiziň wezipeleri

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen ili “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýyly döredijilikli zähmet bilen şöhratlandyrýar. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji fewralynda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Şu mejlisde-de ýagty ertirlerimiziň möhüm wezipeleri kesgitlenen Milli maksatnama kabul edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan üstümizdäki ýylda geljek 30 ýyly nazarlaýan maksatnamany amala aşyrmaga gönükdirilen işleriň bady artýar. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli şu wezipeleriň oňyn çözgüdine syýasy partiýalaryň goşandy uludyr. Şäher komitetimiziň işgärlerem ilaty öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine jemlemekde ähli tagallalary edýärler. Guramaçylykly geçirilýän çäreler ýokary netijelere itergi berýär.

Jümle-jahan habarlary

Indi kwant kompýuteri Hytaýyň Huawei kompaniýasy täze döredilen kwant kompýuterine degişli gulluklardan ygtyýarnamany alandygyny, onuň diňe bir adaty kompýuter ýaly däl, eýsem, «akylly» sagatlar, gulaklyklar ýa-da smartfonlar ýaly işleýändigini mälim etdi. Kompýuterleriň geljekki nesilleriniň esasyny emele getirjek kwant hasaplamalary häzirkiler bilen deňeşdirilende hasaplamalaryň tizligini 10 esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Meşhur kompaniýanyň hünärmenleri kwant hasaplamalarynyň geljeginiň uludygyny belleýärler. Onuň kömegi bilen howa ýagdaýyny öňünden çaklamagyň has takyk, şeýle-de howply kesellere garşy dermanlary oýlap tapmagyň has netijeli boljakdygyny tassyklaýarlar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Kämil düzgünleşdirilen kadalar Türkmenistanyň Raýat kodeksi döwrebap kanunlaryň biri bolmak bilen, onda jemgyýetimizde raýat gatnaşyklarynyň döwrebap kanunçylygy düzgünleşdirilendir. Şu Kodeksiň 6-7-nji baplarynyň 124-139 maddalarynda geleşiklerdäki razyçylyk, wekillik we ynanç haty bilen bagly kadalar kesgitlenendir. 124-nji maddada kesgitlenilişi ýaly, eger geleşigiň hakykylygy üçünji şahsyň razyçylygyna bagly bolsa, onda razyçylyk bermek iki tarapyň öňünde-de aýdylyp bilner. 125-nji maddada öňünden razyçylyk (rugsat) bermegiň düzgünleri bellenilen.