Zenanlar guramasynda
MAŞGALA BAGTYÝARLYGY— JEMGYÝETIŇ SAZLAŞYKLY ÖSÜŞI Ösüşiň hil taýdan täze derejesini saýlap alan ýurdumyzda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, bagtyýarlygyny berkitmek bilen bagly derwaýys işler durmuşa geçirilýär. Çünki jemgyýetiň ösüşi döwletiň bir ülşi bolan maşgalanyň abadançylygy bilen ölçenilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen bagly derwaýys çäreleriň hatarynda onuň kanunçylyk binýadyny berkitmek babatda hem uly işleri durmuşa geçirýär. Ony häzirki wagtda ýurdumyzda Maşgala kodeksiniň hereket etmegi hem-de maşgala gatnaşyklary bilen baglanyşykly kanunçylyklara döwrüň ösen talabyna laýyklykda, üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň yzygiderli girizilmegi we olaryň halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz edilmegi bilen baglanyşykly işleriň mysalynda hem görmek bolýar.