Müň bir sogaply gije
Şu gije — mukaddes Gadyr gijesi. Gadyr gijesine «Gijeleriň soltany» diýläýmesi-de bar. Ýylyň iň arzyly, iň mukaddes gijesinde etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun, eziz ildeşler! Gadyr gijesi bilen bagly düşünjeler çagalykdan aňymyzda galypdyr. Ýöne çagalygyň dünýäsinde Gadyr gijesinde uklaman oturyp bilseň, Hydyr atany göräýmegiň mümkindigi, gijäniň belli bir pursadynda tutan zadyň tokga altyna öwrüljekdigi baradaky özümiziň hem doly düşünmeýän pikirlerimiz aňymyza ornaşan hem bolsa, bu gijänyň asyl ýakymynyň başga-başga zatlardadygyna aňymyz goýalyşansoň göz ýetirdik. Şeýle-de bolsa, Gadyr gijesi baradaky çagalyk we ululyk düşünjelerimizi baglanyşdyrýan bir umumylyk bar. Ol hem şu gijä mahsus ýagşy niýetler. Aslynda, «gadyr» hem-de «ýagşy niýet» düşünjeleriniň arasynda bir baglanyşyk bar ýaly görünýär. Gadyr goýýan adamyňa hemişe ýagşy niýetli bolýarsyň, ýagşy niýetli adamyň gadyry gözüňde hemişe başgaça.