HABARLAR

Ýewropa we Konferensiýa Ligalary

UEFAÝewropa hemde Konferensiýa Ligalarynda ýarym finalyň birinji duşuşyklary oýnaldy. Ýewropa Ligasynda nemes toparlary ýeňiş gazanyp, finala çykmak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldular. «Aýntraht » topary myhmançylykda «West Hamdan » 2–1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda frankfurtlylaryň gollaryny 1-nji minutda Knauff, 54-nji minutda Kamada geçirdi. Ýer eýeleriniň ýeke- täk pökgüsini bolsa 21-nji minutda Antonio öz adyna ýazdyrdy. «Leipsig » bolsa öz meýdançasynda «Reýnjersi » Anželinionyň 85-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi. Ýewropa Konferensiýa Ligasynda «Lester » bilen «Roma » Angliýada 1–1 deňme- deň oýnady (Mançini 67 ö.d. — Pellegrini 15). 5 goluň geçirilen oýnunda «Feýenoord » öz meýdançasynda «Marselden » 3–2 üstün çykdy. Rotterdamlylaryň gollaryny Dessers (18, 46) bilen Sinisterra (20), myhmanlaryň gollaryny- da Dieng (28) bilen Žerson (40) geçirdi.

«Liwerpul » 10-njy, «Real Madr id» 17-nji gezek finalda

UEFA Çempionlar Ligasynda 2021/22 möwsüminiň finalçylary belli bolup, ýaryşyň iň tejribeli 2 kluby 28-nji maýda Pariždäki «Sen-Deni» stadionynda oýnaljak finalda duşuşarlar. Ýarym finalyň jogap duşuşyklarynyň ikisi- de Ispaniýada oýnalyp, sişenbe güni «Wilýarreal » öz meýdançasynda «Liwerpuly » kabul etdi. Oýna erjel başlan Unaý Emeriniň şägirtleri eýýäm 3-nji minutda hasaby açdylar. 1-nji ýarym tamamlanmanka- da umumy hasaby deňlediler. 3-nji minutdaky goly Bulaýe Dia, 41-nji minutdaky goly bolsa Fransis Koklin derwezä girizdi. Iki goluň pasyny- da Etienn Kapu berdi. 2-nji ýarymda taktiki üýtgeşiklik bilen, has takygy, Diego Žotanyň ornuna Luis Diaz bilen başlan Ýurgen Klopp bu taktikasynyň miwesini hem gördi. 62-nji minutda Mohamed Salahyň pasyndan soň Fabinio jerime meýdançasynyň içine girip, topy batly urup, derwezä girizdi. Bu goldan 5 minut soň Trent Aleksander- Arnoldyň pasyndan soň Luis Diaz topy kellesi bilen derwezä girizip, hasaby deňleýär. Oýnuň 74-nji minutyndada Sadio Mane oýna soňky nokady goýup, finala «Liwerpulyň » çykandygyny mälim edýär. Duşuşygyň tamamlanmagyna 5 minut galanda, Etien Kapu gyzyl kart alyp meýdançadan çykaryldy. Şeýlelikde, 2 oýnuň netijesi boýunça 5-2 öňe saýlanan «Liwerpul » 10-njy gezek finala çykdy. «Liwerpul » 10 gezek finala çykan 4-

Täze film

Ady: «Doktor Streýnj telbeligiň multiwersinde » (Doctor Strange in the Multiverse of Madness); Režissýory: Sem Raimi; Keşplerde: Benedikt Kumberbetç, Elizabet Olsen, Çiwetel Ežiofor, Benedikt Wong, Soçil Gomes, Maýkl Stulbarg, Raçel MakAdams; Ssenariçi: Maýkl Waldron («Marvel Comics»-iň komiks eserleri esasynda); Prodýuseri: Kewin Faýgi; Kompozitory: Denni Elfman; Öndüriji: «Marvel Studios »; Paýlaýjy: «Walt Disney Studios Motion Pictures »; Dowamlylygy: 126 minut; Görnüşi: «superhero », ylmy- fantastik, başdangeçirme; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe; Býujeti: 175-225 million dollar. «Marvel» kinematografiýa dünýäsiniň 4-nji tapgyrynyň iň esasy kinosy bolan «Doktor Streýnj telbeligiň multiwersinde » filmi ahyry ekranlarda peýda bolýar. Sem Raiminiň režissýorlyk eden kinosynda esasy keşpleri Benedikt Kumberbetç, Elizabet Olsen, Çiwetel Ežiofor, Benedikt Wong, Soçil Gomes, Maýkl Stulbarg, Raçel MakAdams dagy janlandyrýar. London, Nýu Ýork, Los Anjeles şäherlerinde ekranlaşdyrylan filmiň ssenarisini Maýkl Waldron ýazdy. 126 minutlap dowam edýän filmdäki wakalar «Möý adam: öýe ýol ýok» kinosyndaky hadysalardan birnäçe aý soň bolup geçýär. Doktor Streýnj bu gezek öňki- soňky mifiki güýji bolanlara kömek etmeli bolýar. Şonda ol multiwers äleminde täze duşmanlar bilen ýüzbe- ýüz bolý

Uçar nädip çalt durýar?

Uçarýere gonanda tizligi sagatda 250 kilometr töweregi bolýar. Agramy 200 tonna barabar bolan bu äpet howa gämisiniň tizligini haýalladyp durmagy, megerem, aňsat bolmasa gerek! Uçargury ýerde we suwda ýöreýän ulaglara garanyňda, has ýokary tehnologiýa talap edýär. Howa gämisigysga aralykda badyny saklamagy üçin has güýçli togtadyjy ulgam bilen üpjün edilýär. Uçaryň kinetik energiýasy duruzyjy ulgama geçirilende, ýagny onuň badyny saklamak üçin tigirlerini gysýan diskleriň gyzgynlygy 1 müň 400 derejä çenli ýetip bilýär. Şol sebäpli bu ulgam ýokary gyzgynlyga çydamly materiallardan öndürilýär. Köplenç duruzyjy ulgam polatdan ýasalýan hem bolsa, soňky ýyllarda has ýeňil we berk materiallardan peýdalanylýar. Ýeňil materiallar uçaryň agramynyň hem azalmagyna, netijede, ýangyjy tygşytlamagyna ýardam berýär. Emma bu duruzyjy ulgam uçaryň gysga aralykda saklanmagy üçin ýeterlik bolmaýar. Şol sebäpli ganatlaryň ýokarsyndaky goşmaça ganatjyklar açylyp, howanyň sürtülmegini artdyryp, uçaryň tizligini peseldýär. Uçaryň ýokary tizligini haýallatmak üçin ulanylýan iň täsirli usul bolsa, tüsseçykardan çykýan gazyň ugruny üýtgetmek bolup durýar. Adatça, togtadyjy ulgam bilen ganatjyklar uçary bellenen aralykda duruzmaga ýardam edýär. Uçuşgonuş zolagynyň garly ýa-da buzly bo

Ýatkeşligi ösdürmegiň usullary

Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi, islendik maglumat çeşmesiniň hemişe elýeterli bolmagy beýniniň «ýalta » bolmagyna, netijede adamyň ýatkeşligine oňaýsyz täsir edýär. Ýatkeşligimiziň gowy bolmagy bolsa, işlerimizi aňsatlaşdyrmaga ýardam edýär. Haýsy gün haýsy dersiň bardygyny bilmek, synaglara taýýarlyk görlende, öwrenen zadymyzyň ýadymyzda galmagy okuwda üstünlik gazanmagymyza ýardam edýär. Haýsy işi haçan etmelidigini bilmek gündelik durmuşda hem işimizi aňsatlaşdyrýar. Eýsem, beýnimizi işjeň saklamak üçin nämeler etmelikä? Bilermenler munuň üçin köp maslahatlary berýärler. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň! Dogry iýmitlenmek. Wagtly- wagtynda, ýeterlik mukdarda iýmitlenmek saglygymyz üçin örän ähmiýetli bolup, şeýle etmedik halatymyzda saglygymyza oňaýsyz täsir edip biler. Gündelik durmuşda iýýän iýmitimiz saglygymyza gönüden- göni täsir edýär. Bilermenler miwedir gök önümleriň iýmit sanawymyzda köpräk bolmalydygyny hemişe ýatladýarlar. Şeýle hem balyk, marinad önümleri, kösükli dänelerden taýýarlanan naharlar we dürli reňkli iýmitleriň iýilmegi maslahat berilýär. Gazly içgiler we taýýar naharlary iýmek maslahat berilmeýär. Şu maslahatlara eýeren halatymyzda saglygymyza peýdaly bolşy ýaly, ýatkeşligimiz hem güýçlenýär. Tä

Täsin tebigy hadysa

Tebigatda bolup geçýän käbir hadysalar diňe käbir ýerlerde gabat gelýär. Mysal üçin, demirgazyk şapagyny Finlýandiýa, Norwegiýa we Kanada ýaly demirgazyk polýusa golaý ýurtlarda görüp bolýar. Käbir ýerlerde bolsa, ak reňkli älemgoşara gabat gelinýär. Örän seýrek gabat gelýän hadysalaryň biri bolsa, «ýalançy » Güneş hasaplanýar. Oňa meteorologiýada «pargeliý » diýilýär. Bu söz grekçeden terjime edilende «ýalan » Gün diýmegi aňladýar. Bu hadysada Günüň daşynda ýagty halka emele gelýär we köplenç Gün gözýetime golaý bolan wagty ýüze çykýar. Gün gözýetimden näçe ýokarda bolsa, halka şonça- da giň bolýar. Halkalaryň iç tarapy gyzyl reňkli, daş tarapy ýaşyl we gök bolýar. Şeýle Güne seretmek gözüňi gamaşdyrýar. Bu hadysada asmanda üç sany Gün bar ýaly bolup görünýär. Ýokarda agzalan tebigy hadysalardan tapawutlylykda, pargeliý Ýer ýüzüniň islendik ýerinde, howanyň temperaturasyna bagly bolmazdan gabat gelip bilýär. Atmosferadaky suw dürli howa şertlerinde dürli şekilleri emele getirip, optiki hadysalary döredýär. Howadaky owunjak suw bölejikleriniň içinden döwlüp geçýän şöhleler älemgoşary emele getirýär.

Dünýä habarlary gysga setirlerde

Dünýäniň uzak ýaşly zenany. Häzirki wagtda Andre atly fransuz zenany dünýäniň iň uzak ýaşan ynsany hökmünde ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri habar berýär. Onuň asyl ady Lýusil Randon bolup, 1904-nji ýylyň 11-nji fewralynda Fransiýada dogulýar. Ol fewral aýynda 118 ýaşyny belledi. Rekord bahadan satyldy. Agramy 15 karatdan gowrak bolan «The De Beers Cullinan Blue» atly göwher Gonkongda 57,4 million dollara satyldy. Seýrek duş gelýän göwher geçen ýyl Günorta Afrikadaky magdan käninden tapyldy. Däp boýunça satyn alanyň kimdigi mälim edilmedi. Agramy 15 karatdan geçýän göwher heniz tapylmandy. Dikuçardaky myhmanhana. Şotlandiýaly Martin Stidman auksiondan 7 müň dollara satyn alan dikuçarynyň içki keşbini özgerdip myhmanhana öwürdi. Bu myhmanhana ulularyň ikisine we çagalaryň üçüsine laýyk bolar ýaly gurnalypdyr. Hiç kimi biparh goýmaýan bu ajaýyp tebigy manzarda dynç almagyň bir güni 200 dollar. Pyrlanýan öý. Käbir ýurtlarda pyrlanýan öýler gurulýar. Şeýle üýtgeşik dizaýnly öýüň iň meşhury Çehiýada guruldy. 80 ýaşly gurluşykçy Bogumil Lhota, şunuň ýaly ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ömrüniň 20 ýylyny sarp etdi. Öý diňe bir öz okunyň daşyndan aýlanman, eýsem, ýokary we aşak hem hereket edýär. Üýtgeşik kinoteatr. Şweýsariýad

Taryhda şu gün

1994-nji ýylyň 6-njy maýynda La- Manş bogazynyň aşagyndan geçip, Fransiýa bilen Angliýany birleşdirýän tunneliň açylyş dabarasy boldy. Bu ägirt tunnel häzirki zaman inženerçilik ussatlygynyň nusgasy bolup durýar. Tunnel Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II we Fransiýanyň öňki Prezidenti Fransua Mitteran tarapyndan dabaraly ýagdaýda açyldy.

Teleskopyň sazlama işleri tamamlandy

ABŞ-nyň aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary boýunça milli müdirligi (NASA) geçen ýyl uçuran iň täze kosmos teleskopy «Jeýms Webb»-iň esasy gurallarynyň sazlama işleriniň tamamlanandygyny habar berdi. NASA teleskop arkaly düşürilen birnäçe şekilleri alandan soň, «Jeýms Webb» teleskopynyň sazlama işleriniň üstünlikli berjaý edilendigini mälim etdi. Şeýle- de, NASA şekilleri öwrenip, kosmos obserwatoriýasyndaky iň güýçli dört ylmy guralyň has dury şekilleri almaga ukyplydygyny tassyklady. NASA mart aýynyň ortalarynda teleskopyň esasy aýnasynyň sazlama işleriniň tamamlanandygyny habar beripdi. Missiýanyň hünärmenleri, teleskopyň ylmybarlag işlerine başlamagy üçin täze tapgyra geçmäge taýýardygyny tassyklady. NASA munuň ýene- de iki aý töweregi wagt aljakdygyny aýdýar. «Jeýms Webb» teleskopy geçen ýylyň 25-nji dekabrynda uçurylypdy. Enjam bellenen nokadyna ýetenden soň, hünärmenler ony indiki tapgyra taýýarlap başladylar. Teleskopyň ýylylyk saýawany açylyp, esasy aýnasy ýaýraň görnüşde ýerleşdirilenden soň, onuň şu ýylyň iýul aýynda doly işe başlajakdygy habar berildi.

Katar suwuklandyrylan gaz önümçiligini ösdürýär

Kataryň döwlet nebitgaz kompaniýasy «QatarEnergy» Demirgazyk gaz ýatagyny giňeltmek boýunça taslamasynyň soňky tapgyrynda dört suwuklandyrylan tebigy gaz önümçilik desgasyny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat üçin beýanatynda mälim edilýär. Suwuklandyrylan tebigy gaz önümçiliginiň kuwwatynyň ýylda 110 million tonna çenli ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen «North Field» meýdançasyndaky giňeldiş taslamasynda iň soňky möhüm tapgyry bellemek bilen, «QatarEnergy » 2025-nji ýyldan başlap, «Técnicas Reunidas S.A.» we «Wison Engineering » bilelikdäki kärhanasyna dört täze suwuklandyrylan tebigy gaz önümçilik desgasynyň taslamasynyň taýýarlanyp, gurulmagy üçin uly borçnamanyň ýüklenendigini habar berdi. Bulardan başga-da, senagat şäheri Ras-Laffan şäherinde elementar kükürdi gaýtadan işlemek üçin hem şertnama baglaşyldy. Döwlet energetika ministri we «QatarEnergy» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Saad Al-Kaabi şertnama barada durup geçip, bu ädimiň Demirgazyk ýatagynda suwuklandyrylan tebigy gaz önümçiligini giňeltmek baradaky tagallalaryň iň ýokary derejesidigini belledi. Şertnamany ýerine ýetirmekde «Técnicas Reunidas S.A.» we «Wison Engineering » bilelikdäki kärhanasy Katarda inženerçilik işlerini dolandyrar we iri taslamalary