HABARLAR

Wagyz-nesihat çäresi

Sagdynlyk — bahasyz baýlyk Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýaşlaryň hukuklary we kanuny bähbitlerini goramaga, arakhorlugyň, çilimkeşligiň, neşekeşligiň, öňüni almaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen etrabymyzdaky 38-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçy ýaşlarynyň arasynda “Sagdynlyk — bahasyz baýlyk” şygary astynda wagyz-nesihat duşuşygy guraldy.

Maşgala we döwür

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlar babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýdyň şöhlelenmesini görýäris. Gahryman Arkadagymyz: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip belleýär. Ýaşlara milli bilim-terbiýe bermek, olaryň zamanabap hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwletimizde uly işler amala aşyrylýar. Milli ýol-ýörelgelerimize esaslanyp, bilim we terbiýe bermekde bilim-terbiýeçilik edaralary bilen maşgalanyň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Ösüp gelýän çaganyň dili hem, terbiýesi hem daş-töweregini gurşap alan köpçüligiň oňa görkezýän görüm-göreldesine baglydyr. Şol sebäpli, ozaly bilen, çaganyň öz dünýä inen maşgalasyndaky, daş-töweregindäki terbiýeçilik gurşawynyň sagdyn bolmagy üçin alada edilmegi, onuň aň ösüşine ýaramaz täsir etjek wakalaryň, hereketleriň gürrüňini etmekden saklanmak, çagada jemgyýete, adamlara bolan ynamy terbiýelemek möhümdir. Maşgala ynsanyň edebiniň, biliminiň, geljekki rahat durmuşynyň binýadydyr. Psiholog alymlar sapaklaryna ýetişmeýän dürli ýaşdaky okuwçylar bilen geçiren barlaglarynda ol

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: täzelikler, habarlar, wakalar

Bagy-bossanly bilim ojagym Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda yglan edilen «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» we «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdepde geçirilen bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmekde, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleri wagyz etmekden, şeýle hem ýaş nesillerimizde tebigata bolan söýgini döretmekden we ekologiýa medeniýetini ösdürmekden ybaratdyr.

Çaga dünýäsiniň «Jemaly» (Döwürdeş)

ŞAHSY MAGLUMAT ► Doglan ýeri we ýyly: Lebap welaýatynyň Saýat etraby, 22.10.1997 ý.

Abuna — 2023

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary! 2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň, şol sanda «Watan» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýäris.

Belentden ýaňlandy dostluk owazy

Şu gün, 28-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly dabaraly ýagdaýda açyldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy oňa gatnaşyjylarda çäksiz buýsanç döretdi.

Täzelik

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge giňden taýýarlyk görülýär. Şu günler ilatyň arasynda bu möhüm çäräniň maksadyny we ähmiýetini düşündirmek işleri dowam edýär. Öň hem habar berşimiz ýaly, bu çäre 2022-nji ýylyň 17—27-nji dekabry aralygynda geçirilýär. Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmekligiň baş maksady ilatyň demografik düzümi hem-de ýurduň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary toplamakdan ybaratdyr. Bu ýurduň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga, şeýle hem ýurduň ösüşi üçin maýa goýumlarynyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär Hemmämize mälim bolşy ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Medeniýetiň, taryhy gymmatlyklaryň umumylygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine oňyn täsirini ýetirýär. Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň duşuşyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde medeni çäreleri ýokary derejede geçirmegi hem ýokarda aýdanymyza aýdyň şaýatlyk edýär.

Maslahat geçirildi

Dünýä nusga göreldämiz Golaýda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk ýoly — dünýä nusga göreldämiz” atly maslahat geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresi

Edep-terbiýelilik ündeldi Golaýda etrabymyzdaky 5-nji orta mekdebiň 10-11-nji synp okuwuçylaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Duşuşygy TDP-niň etrap komiteti TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde gurady. Oňa mekdebiň okuwçylary, mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.