HABARLAR

Dört gün­lük iş hep­de­si he­mi­şe­lik gal­dy­ryl­dy

Şu ýyl Ang­li­ýa­da bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da sy­nag mak­sa­dy bi­len 4 gün­lük iş hep­de­si­ne ge­çi­lip­di. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem gol­daw ber­ýän sy­na­gy­na gat­na­şan kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri bu düz­gü­niň iş­gär­le­riň ön­jeý­li iş­le­me­gi üçin has amat­ly­dy­gy­ny bel­läp, he­mi­şe­lik gal­dyr­mak ka­ra­ry­na gel­di­ler. Ýurt­da je­mi 2600 iş­gä­ri bo­lan, dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan 100 tö­we­re­gi kom­pa­ni­ýa hep­de­lik 4 gün­lük işiň he­mi­şe­lik gal­dy­ryl­ma­gy­ny mü­wes­sa bil­di­ler. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri iş sa­ga­dy­ny azalt­maz­dan, iş gü­nü­niň azal­dyl­ma­gy­nyň iş­be­ri­ji üçin hem, iş­gär­ler üçin hem amat­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le düz­gü­ne ge­çen kär­ha­na­la­ryň ara­syn­da «Atom Bank» ma­li­ýe eda­ra­sy hem-de «Awin» hal­ka­ra mar­ke­ting kom­pa­ni­ýa­sy bar. Uzak ara­lyk­dan iş­le­mek ýa-da iş sa­ga­dy­ny azalt­mak düz­gü­ni pan­de­mi­ýa döw­rün­de ýo­la goý­lup­dy. Bu düz­gün dün­ýä­niň baş­ga ýurt­la­ryn­da hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

COP28 BAE-de ge­çi­ri­ler

We­lo­si­ped­le­riň ýur­dy nä­dip nus­ga­lyk bol­dy?

Ni­der­land­lar dün­ýä­de we­lo­si­ped ula­ny­ly­şyn­da nus­ga­lyk ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Oba ho­ja­ly­gyn­da hem dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýän bu ýurt­da ila­tyň sa­nyn­dan has köp we­lo­si­ped bar. Ýurt­da adam­la­ryň dört­den bi­rin­den gow­ra­gy haý­sy­dyr bir ýe­re git­mek üçin ulag se­riş­de­si hök­mün­de we­lo­si­ped­den peý­da­lan­ýar. 7,5 ki­lo­metr­den gys­ga ara­ly­ga git­mek üçin adam­la­ryň üç­den bi­ri iki ti­gir­li ýe­ňil ula­ga mün­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ni­der­land­lar­da ulu­la­ra, dür­li ýaş­da­ky ça­ga­la­ra, ze­nan­la­ra we er­kek­le­re ni­ýet­le­nen 23 mil­li­on tö­we­re­gi we­lo­si­ped bar. Eý­sem, bu ýurt­da we­lo­si­ped nä­dip gün­de­lik dur­mu­şyň bir bö­le­gi­ne öw­rül­di­kä?

Kim, ha­çan oýlap tapdy?

Stol fut­bo­ly

Çi­li­de «Taca-taca», Ar­gen­ti­na­da «Me­te­gol» diý­lip ta­nal­ýan meş­hur güý­men­je­le­riň bi­ri hem stol fut­bo­ly­dyr. Hal­ka­ra fut­bol as­so­sia­si­ýa­sy­na esas­lan­ýan bu oý­nuň mak­sa­dy ýaş­la­ryň fut­bo­la bo­lan söý­gü­si­ni art­dyr­mak hem-de wag­ty­ny peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri­ni üp­jün et­mek­dir. 1890-njy ýyl­lar­da Is­pa­ni­ýa­da hem-de Ýew­ro­pa­nyň kä­bir se­bit­le­rin­de stol fut­bo­ly üçin il­kin­ji ge­zek pa­tent­ler ber­lip baş­lan­ýar. Şeý­le-de bol­sa, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan fut­bo­luň göz­ba­şy 1921-nji ýyl­dan, ýag­ny ang­li­ýa­ly Ha­rold Se­ar­les Torn­to­nyň «Stol fut­bo­ly­ny oý­na­mak üçin en­jam» at­ly pa­ten­ti al­ma­gy bi­len baş­lan­ýar. Bu en­ja­myň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne öýün­den çyk­man, sto­luň üs­tün­de söý­gü­li oý­nu­ny oý­na­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Gö­züň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň usullary

Göz ada­myň be­den ag­za­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, daş-tö­we­re­gi saý­gar­mak ar­ka­ly ka­bul edi­şi üp­jün ed­ýär. Adam­la­ryň kö­pü­si yl­my we dün­ýä­ni gö­rüş ar­ka­ly öw­ren­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň adam­zat jem­gy­ýe­ti­ne giň­den or­naş­ma­gy bi­len otu­ry­lyp iş­le­nil­ýän dur­muş ýö­rel­ge­si­ne uý­gun­la­şyl­dy. Bu, il­kin­ji no­bat­da, fi­zi­ki he­re­ket­siz­li­ge ge­ti­rip, ga­ly­ber­se-de göz bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ýü­ze çy­kar­ýar. Ýag­ny komp­ýu­te­riň öňün­de bir­nä­çe sa­gat­lap otur­mak göz üçin zy­ýan­ly bo­lup, gö­rüş ul­ga­my­nyň pe­sel­me­gi­ne ge­tir­ýär. Bi­ler­men­ler gö­züň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň bir­nä­çe usulyny sal­gy ber­ýär­ler. Olar şu­lar­dan yba­rat: Sag­dyn iý­mit­len­mek. Iý­mit sa­na­wyn­da mi­we­dir gök önüm­le­riň, esa­san hem, kä­şiriň bol­ma­gy gö­rüş üçin ju­da äh­mi­ýet­li­dir. Mun­dan baş­ga-da, A, E, C wi­ta­mi­ni­ni, sink, ome­ga-3 ýag kis­lo­ta­sy­ny özün­de sak­la­ýan (ýag­ly ba­lyk) önüm­le­ri iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

Iň go­wy sport myh­man­ha­na­sy

Is­pa­ni­ýa­nyň Mursiýa şäherindäki iň köp ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan «La Man­ga Club» myh­man­ha­na­sy Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýer­le­şip, 560 gek­tar­dan gow­rak meý­da­ny eýe­le­ýär. Bu ýer sport bi­len meş­gul­lan­mak hem-de dynç al­mak üçin tä­miz ho­wa­ly ýer­le­riň bi­ri bo­lup, myh­man­ha­na­nyň daş-tö­we­re­gi­ni ar­ça to­kaý­la­ry we li­mon agaç­la­ry be­ze­ýär. Sport myh­man­ha­na­sy­nyň dü­zü­min­de 18 çu­kur­ly 3 golf meý­dan­ça­sy, 28 ten­nis kor­ty, 2 kri­ket meý­dan­ça­sy, ýa­pyk ho­wuz­ly fit­nes za­ly, 8 fut­bol meý­dan­ça­sy bar. Dynç al­ma­ga gel­ýän­ler, esa­san, ten­nis­dir golf oý­nap, fit­nes sa­pak­la­ry­na gat­nap ýa-da ho­wuz­da ýü­züp wag­ty­ny ge­çir­ýär­ler. Myh­man­ha­na­da tej­ri­be­li sport tälimçileri bi­len bi­le­lik­de iş­le­ýän Ten­nis aka­de­mi­ýa­sy we Golf aka­de­mi­ýa­sy bar. Şol se­bäp­li «La Man­ga Club» oý­nuň düz­gün­le­ri­ni öw­ren­mek we kä­mil­leş­dir­mek üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir. Myh­man­ha­na­da ýig­ri­mi­den gow­rak res­to­ran bo­lup, is­pan, ame­ri­kan, ital­ýan, mek­si­kan, gün­do­gar ta­gam­la­ry­ny da­dyp gör­mä­ge müm­kin­

As­ma ýol: döw­re­bap gat­naw se­riş­de­si

Dün­ýä­niň köp ýe­rin­de «ta­nap­ly aw­tou­lag» ady­ny alan as­ma ýol­lar il­ki­baş­da ge­ze­lenç mak­sat­ly gur­lan hem bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da bar­ma­sy kyn ýer­ler­de ýo­lag­çy gat­na­wyn­da-da peý­da­la­nyl­ýar. Ýag­ny aw­tou­lag se­riş­dele­ri­niň bar­ma­ýan dag­lyk se­bit­le­rin­de ýo­ka­ryk çyk­mak we aşak düş­mek hyz­ma­ty­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. As­ma ýo­l ta­nap­lar­dan «ýa­py­şyp» he­re­ket ed­ýän, elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ka­bi­na­ly ul­gam­dyr. Bu ul­gam çalt he­re­ket ed­ýän­di­gi hem-de yg­ty­bar­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da si­zi dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­de gur­lan iň go­wy as­ma ýol­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýa­rys. «Zugs­pit­ze», Ger­ma­ni­ýa. Bu as­ma ýol Eib­see kö­lü­niň ke­na­ryn­dan Zugs­pit­ze da­gy­nyň de­pe­si­ne çen­li ara­lyk­da he­re­ket ed­ýär. Uzyn­ly­gy 3 müň 215 metr bo­lan ta­nap­ly aw­tou­lag

Gün pa­nel­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dy­rar

Iň köp sarp edil­ýän bak­ja eki­ni bo­lan po­mi­dor­lar se­na­gat­da hem ula­nyl­ýar. Mun­dan ozal bu bak­ja eki­ni­niň top­ra­ga dü­şen­de çüý­re­ýän gap­la­ry ön­dür­mek­de peý­da­la­ny­lyp bi­lin­jek­di­gi anyk­la­nyp­dy. In­di bol­sa bu bak­ja eki­nin­den al­nan reňk se­riş­de­si­niň Gün pa­nel­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Po­mi­dor pig­men­ti bo­lan «li­ko­pen pe­rows­kit»-iň pa­nel­le­riň çy­dam­ly­ly­gy­ny hem-de ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Adat­ça Gün pa­ne­li­niň ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi­ne ýer­leş­ýän ýe­ri, ho­wa şert­le­ri we beý­le­ki te­bi­gy ha­dy­sa­lar tä­sir ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu pa­nel­le­riň ön­jeý­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Hy­taý­ly bi­ler­men­ler bol­sa pos­la­ma­gyň öňü­ni al­ýan hä­si­ýe­ti bo­lan li­ko­pen­den peý­da­la­nyp­dyr­lar. Te­bi­gy an­ti­ok­si­dant bo­lan bu pig­ment pa­nel önüm­çi­li­gin­de peý­da­la­ny­lan­da Gün­den gel­ýän ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­riň zy­ýan­ly tä­si­rin­den go­ra­ýar. Ge­çi­ri­

Dron ba­za­ry öser

Soň­ky ýyl­lar­da dür­li mak­sat­lar bi­len ula­nyl­ýan ulu­ly-ki­çi­li uç­ýan en­jam­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, kom­pa­ni­ýa­lar bu en­jam­la­ry has köp ön­dür­ýär. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Ulag­dan jo­gap­kär ag­za­sy Adi­na Wa­le­an gel­jek­de ha­ryt­la­ryň dron­lar ar­ka­ly da­şal­ma­gy­nyň has-da art­jak­dy­gy­ny we ýo­lag­çy gat­na­wyn­da hem peý­da­la­nyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­da­ky dron hyz­mat­la­ry ba­za­ry­nyň 2030-njy ýy­la çen­li 14,5 mil­liard ýew­ro ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da Dron stra­te­gi­ýa­sy met­bu­gat ýyg­na­gyn­da mä­lim edil­di. Wa­le­an Ýew­ro­pa­da adam­syz ho­wa gä­mi ba­za­ry­ny has-da ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, dron­lar dag­lyk ýer­de göz­leg ha­las ediş iş­le­rin­de hem ne­ti­je­li ula­nyl­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dron­ly hyz­mat­lar se­bit­de 145 müň tä­ze iş or­nu­ny dö­re­der.