Halkyň ýürek joşguny
Buýsanjymyz — eziz Watan Biziň kesewi dürtseň gögerýän topragymyz bar. Bu toprak bize ata-babalarymyzdan galan müdimi mukaddeslik. Şol mukaddesligi goramak üçin ata-babalarymyz ýyllarboýy göreşip geçipdirler. Ýöne, soňky ýüz ýyllyklaryň içinde özbaşdak döwlet gurmak, bir maksada gulluk etmek türkmene miýesser etmändir. Şeýle bolansoň, keseki basybalyjylara garşy üzňelikde göreşmeli bolan türkmen asyrlarboýy bir döwlete gulluk etmek maksady bilen ýaşapdyr. Ýöne hezreti Magtymguly atamyzyň arzuw eýläp, çoh garaşan zamanasy gelmändir. Bu arzuw diňe mukaddes Garaşsyzlygymyzy ele alanymyzdan soň hasyl boldy. Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde türkmeniň alnyndan ak gün dogdy. Özbaşdaklygyny gazanyp, baky bagtyň gujagyna düşen türkmen ýaşyl Baýdagyny pasyrdadyp, dünýä ýaň saldy.