Buýsanjymyz Siziň bilen, Milli Liderimiz!
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen bilelikdäki mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wakalarynyň biri boldy. Paýtagtymyzda, Maslahat köşgünde geçirilen bu taryhy mejlis halkymyzyň has-da ösüşli we eşretli geljegine uly ynam bilen garaýandygyny, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu taryhy maslahatda döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasda ykrar edilmegine tüýs ýürekden buýsandyk. Şeýle belent buýsanç, guwanç duýgulary ähli ildeşlerimiziň ýüreklerinde beslenýär. Agzybirlik, jebislik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleridir. Merdana ata-babalarymyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan hem-de yzygiderli kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilip biziň ajaýyp döwrümize ýetilen bu ýörelgeler häzirki wagtda has-da rowaçlandyrylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň bu günki bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynda Gahryman Ar