Awtomobil ulaglary halkyň hyzmatynda
Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu işler Aşgabat şäheriniň, şeýle hem welaýatlaryň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna bellenen ugurlar boýunça ulag hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Täze döwür, täze zamanamyzda ýurdumyzda döwrebap obalardyr şäherçeler gurlup ulanylmaga berilýär. Bu ýagdaýda ýaşaýyş ýerlerinde ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin şäheriçi, şäherýaka we şäherara awtobus gatnaw ugurlary açylýar. Awtobuslarda we ýeňil awtoulaglarda geopozisiýa (GPS) ulgamynyň abzallarynyň oturdylmagy awtoulag serişdesiniň häzirki wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, şeýle hem sürüji tarapyndan tizlik derejesiniň ýokarlandyrylyşyna gözeg