Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
Täze ulgamyň mümkinçiligi Gün energiýasynyň şöhlelenmesi Ýer ýüzünde birnäçe tapawutlanýan häsiýetlere eýedir. Gün energiýasy ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz, tükeniksiz we energiýany tygşytlamaga mümkinçilik berýän çeşme hasaplanylýar. Eger häzirki wagtda Ýeriň üstünde işe girizilen energetiki gurnawlaryň umumy kuwwatlylygyny 10 TWt hasap etsek, onda Günüň şöhlelenmesiniň kuwwaty dünýäde ýaşaýan ähli ilatyň energiýa bolan islegleriniň möçberinden 1000 esseden hem ýokarydyr. Türkmenistanda ýylyň dowamynda 300-e golaý güneşli gün bolýar. Türkmenistanyň çäginde Gün şöhlelenmesiniň intensiwliginiň ýylyň dowamyndaky ortaça bahasy 700-800 Wt/m2 barabardyr. Bu bolsa öz gezeginde ýylyň dowamynda ýeriň 1 inedördül metr meýdanyna ortaça 1800-2000 kWt∙sag/m2 energiýanyň düşýändiginiň subutnamasydyr.