HABARLAR

Sebitleýin ösüş: giň mümkinçilikler, möhüm wezipeler

Balkan welaýaty: 9. Geljegi uly dag-magdan önümçiligi

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky deňiz arkaly söwda dolanyşygy barha artdyrylýar

Eýranyň Türkmenistana eksporty häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji sekiz aýynda (21-nji martdan 21-nji noýabra çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35,58% ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Iranian Mehr” agentligi penşenbe güni habar berdi. Şu ýylyň sekiz aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 311,82 million ABŞ dollaryna barabar boldy we 924,553 tonna ýetdi.

Eksporta niýetlenen önümler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemekde, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda ýokary önümçilik netijelerini gazanýanlaryň arasynda Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň işgärleriniň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Olaryň agzybirlik hem-de yhlas bilen çekýän zähmeti ýerine düşýär. — Ösen tehnologiýalara, täzeçe tehniki çözgütlere daýanýan desgalarymyzda esasy bölegi eksporta ugradylýan harytlyk önümleriň öndürilişini artdyrýarys. Bu babatda üstümizdäki ýylda belent sepgitler abraý bilen eýelenýär — diýip, müdirligiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Begenç Haýdarow gürrüň berýär.

Ýyladyş desgalarynyň kadaly işlemegi gazanylýar

Türkmenistan “Sumitomo” kompaniýasyndan 2110 sany ulag satyn alýar

“Türkmenawtoulaglary” agentligi Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasy bilen “Toyota” kysymly taksi awtoulaglaryň we awtobuslaryň 2110-syny satyn almak boýunça şertnamalary baglaşdy. Bu barada “Sumitomo” kompaniýasy resmi sahypasynda duşenbe güni mälim etdi. Türkmenistana getiriljek bu ulaglaryň 780-si ýeňil taksi awtoulagy we 1330-sy bolsa awtobusdyr.  Bellenilişi ýaly, Türkmenistana getiriljek bu ulaglaryň 780-si ýeňil taksi awtoulagy we 1330-sy bolsa awtobusdyr. Şertnamanyň jemi bahasy 115 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz hem-de ECO-93 awtoulag benzini Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

ABŞ-nyň jemi içerki önüminiň ösüşi baradaky çaklama 2,9%-den 3,2%-e çenli ýokarlandy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň jemi içerki önüminiň ösüşi ýokarlandy. Muňa ýurduň Söwda ministrliginiň soňky maglumatlary şaýatlyk edýär. Has takygy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysadyýeti 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,2 göterim ösüş gazandy. Mundan ozal «Trading Economics»-iň sorag-jogap çäresine gatnaşan bilermenler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň jemi içerki önüminiň 2,9 göterim ösjekdigi barada çaklamany öňe sürüpdiler. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ikinji çärýeginde ABŞ-nyň jemi içerki önümi 0,6 göterim pese düşüpdi.

Balkandan iki habar

Duzuň önümçiligi ýokarlanýar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynda çykarylýan nahar duzy Diýarymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň hatarynda durýar.

Ykdysady ösüş aýdyň geljegiň kepilidir

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady hem-de durmuş ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup, ol, ilkinji nobatda, ähli raýatlarymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ykrar edilen adam mertebesini, azatlygyny we hukuklaryny goramakda bu ulgama möhüm orun degişlidir. Onuň ýörelgeleri hem-de guralyşy jemgyýetde ykrar edilýän gymmatlyklara baglylykda tapawutlanýar. Şoňa görä-de, türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik häsiýeti häzirki döwürde alnyp barylýan durmuş özgertmeleriniň mazmunynda hem aýdyň beýanyny tapyp, döwletlilik esaslarymyzyň mundan beýläk-de berkemegine itergi berýär.

Türkmenistanda elektrikli jemgyýetçilik ulaglary ilkinji gezek Arkadag şäherinde ulanylyp başlanar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 21-nji dekabrda geçirilen göçme mejlisinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýew döwlet Baştutanyna Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa elektroulaglary ulanmak we olary ýurdumyza getirmek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, dünýäniň elektrobuslary, elektromobilleri we olara degişli enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň täjirçilik teklipleri, bu ulaglaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de olaryň deslapky zerur sany öwrenildi we häzirki wagtda olary satyn almak, ýurdumyza getirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ähli amatlyklary bolan döwrebap awtotoplumy hem-de elektrik tok beriji beketleri gurmak göz öňünde tutulýar.