Tebigy gaz önümçiligi
Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigy gazyny çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak barada döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ugur alnyp, gaz senagatyny ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Hususan-da, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleri diňe bir çig mal hökmünde eksport etmek bilen çäklenmän, olary gaýtadan işlemegiň netijesinde, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan birnäçe himiýa önümleri hem öndürilýär. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, soňky ýyllarda «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid», Gyýanlynyň polimer we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodlary ýaly ägirt uly taslamalaryň gurluşygy amala aşyryldy. Bu kärhanalaryň ählisinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olar ekologik taýdan arassa önümçilikler hasaplanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça ýene-de birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Muňa dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gyzyklanma bildirýär.