HABARLAR

Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen giň gerimli işler

9-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, bugdaýa edilýän ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalardyr gurallar abatlanylýar.

Ýyladyşhanada ýetişdirilýän kömelekler

Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda türkmen telekeçileriniň möhüm orny eýeleýändigini aýratyn nygtaýar. Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň hünärmenleri hem ýyladyşhanada kömelek ösdürip ýetişdirmekde görelde alarlyk işleri bitirmegi başarýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň berkarar döwletimizde ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek, ýurdumyzyň ilatyny daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen ýylyň tutuş dowamynda yzygiderli üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alýan hususy kärhananyň Düzmergen ýaýlasynda gurlan ýyladyşhanasynda bitirilýän işler döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Ýylyň ähli paslynda hem kömelek ösdürip ýetişdirmek üçin daşary ýurtlardan satyn alnan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada işler awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylyp, diňe hasyly ýygnap almak we olary ýaraşykly gaplara gaplamak işçileriň el güýji bilen ýerine ýetirilýär. Bu ýerde bol hasyl berýän kömelekleriň iki görnüşini ösdürip ýetişdirmek ýola goýlupdyr.

Nepis gölli halylar

Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, milli aýratynlyklary bilen durmuşymyzyň aýrylmaz gymmatlygyna, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen halylary dokamakda Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda uly üstünlikler gazanylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kärhanada ýetilen sepgitler muny aýdyň görkezýär. Türkmen zenanlarynyň kämillik derejesine ýetiren halyçylyk sungatynyň gadymdan gelýän däplerini üstünlikli dowam etdirýän kärhananyň çeper elli gelin-gyzlary gürrüňi edilýän döwürde dürli ölçegli haly we haly önümleriniň 2 müň 726 inedördül metrini dokamagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi kärhanada 5 million 184 müň manatlykdan gowrak haly we haly önümleriniň taýýarlanandygyny görkezýär. Netijede, halyçylar 120 göterim zähmet üstünligini gazanyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda ýetiljek sepgitlere berk binýat döretdiler. Duzçularyň yhlasly zähmeti

Netijeli ykdysady usullar

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary we ulgamlary täze eýýamymyzyň belent ruhunda ösýär, özgerýär. Milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi innowasion işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de iň gowy dünýä tejribeleriniň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagyna, ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyndan netijeli peýdalanylmagyna giň ýol açýar. Ykdysady ösüşi innowasiýa tarap gönükdirmek esasynda ýurdumyz halkara zähmet bölünişiginde özüne degişli orny has ynamly eýeleýär, dünýä bazaryna islegli önümlerini çykarmakda tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýar. Munuň özi dünýä bazarynda geljekde ýene-de ýurdumyza durnukly orny we ýokary girdejileri üpjün eder. Bu bolsa milli pulumyzyň we ykdysady ösüşlerimiziň has durnukly bolmagyna ýardam berýär. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary derejede — 6 göterimden hem gowrak möçberde saklanylmagy örän işjeň ulanylýan ykdysady usullaryň oňyn täsiridir. Ýurdumyzda häzirki wagtda senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Umumy bahasy ençeme milliard amerikan dollaryna barabar bolan iri desgalaryň birnäçe

Täze tehnikalar daýhanlary begendirýär

Welaýatymyza dürli oba hojalyk işlerinde ulanmaga niýetlenilen köpugurly «Jhon Deere» 61175M kysymly kuwwatly kombaýnlaryň täze tapgyry gelip gowuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen oba hojalygynyň tehniki taýdan üpjünçiligini has-da berkitmek, önüm öndürilişini artdyrmak maksady bilen getirilen kuwwatly tehnikalaryň 50-si öňden bar bolan kombaýnlaryň üstüni ýetirdi. — Şeýle kombaýnlaryň ýene-de 16-sy tizden welaýatymyza gelip gowşar. Bu tehnikalarda gowaça, bugdaý ýaly oba hojalyk ekinleriniň ekişini, ekişe taýýarlyk işlerini ýokary hilli geçirip bolýar. Bu bolsa welaýatymyzyň gowaça, bugdaý ýetişdirýän daýhanlary üçin uly goldawdyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen welaýatymyzda oba hojalyk işleri üçin niýetlenilen tehnikalaryň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň oba hojalygyny ösdürmek syýasatyny berk ýöredýändigini aýdyň görkezýär — diýip, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň baş inženeri Atamyrat Allakulyýew biziň bilen gürrüňdeş bolanynda aýtdy.

Sanly ulgama daýanyp

Berkarar Diýarymyzda üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler ýerli tebigy we beýleki serişdeleri ulanýan täze pudaklaryň döremegine şertleri döretdi. Bu pudaklarda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümler öndürilýär. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gaýtadan işlenen önümleri, hususan-da, polipropilen we polietilen ýaly nebithimiýa önümlerini öndürmek ýola goýuldy. Gurluşyk materiallaryny öndürmegiň möçberleri hem yzygiderli artýar. Çärýek asyryň dowamynda elektrik energiýasynyň, suwuklandyrylan tebigy gazyň, mineral dökünleriň öndürilişi ep-esli derejede artdy. Ýurdumyzda häzirki zaman dokma senagaty döredildi. Diwersifikasiýa strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyz soňky ýyllarda hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Gündogar we Günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalary durmuşa geçirdi. Häzirki döwürde türkmen tebigy gazy Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi boýunça iberilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy üstünlikli dowam edýär.

Mawy ýangyjyň akymy artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başlanmagy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty şol wezipeleriň oňyn çözgüdine giň mümkinçilikleri açýar. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmeginde ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýelemek bilen, bu gymmatly çig maly daşary ýurtlara eksport etmekde-de giň möçberli işleriň bady artýar. Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artyp, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Gürrüňi edilýän meseläniň netijeli çözgüdi gaz senagaty pudagynyň zähmetsöýer adamlarynyň tutanýerli zähmetinde jemlenýär. Welaýatymyzda täze gaz ýataklaryny gözlemekde, gazly ýerleriň üstüni açmakda alnyp barylýan sazlaşykly işler mawy ýangyjyň akymynyň artdyrylmagyna zerur şertleri döredýär. Burawlaýjylaryň medeni zonadan alyslarda alyp barýan işleriniň netijesinde täze gaz ýataklarynyň üsti açylýar. Burawlaýjylar çylşyrymly we jogapkärli wezip

Türkmenistan Hytaýdan ýük teplowozynyň $30 millionlyk ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar

Hytaýyň teplowoz öndüriji CRRC Ziyang kompaniýasy duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen dabarada Türkmenistana 30 million dollardan gowrak ýük teplowozynyň ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek boýunça şertnama baglaşdy. CRRC Ziyang kompaniýasynyň habar bermegine görä, bu Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulany bäri gol çekilen ýük teplowozynyň ätiýaçlyk şaýlary üçin niýetlenen iň uly şertnamadyr.

2023-nji ýyl üçin döwlet býujeti — durmuş abadançylygynyň maliýe-hukuk esaslary

«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň many-mazmunyny okyjylar köpçüligine ýetirmekden ötri, gazetiň redaksiýasy muňa gönüden-göni dahylly ýokary häkimiýet düzümleriniň jogapkär işgärleri bilen söhbetdeşlik gurady. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Maral Ataklyçewa, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy Serdar Arazow, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginiň başlygy Ahmet Uwdiýew gatnaşdylar. — Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagyň çäklerinde geçirilen möhüm döwlet çäreleridir işler bilen okyjylar, umuman, habarly. Söhbedi resminamanyň hiline gös-göni täsirini ýetiren işleriň syýasy-ykdysady ähmiýeti we bu ugurda edilen beýleki işlerden başlaýsak!

Täze ösüşleriň ýoly bilen

Eziz Watanymyzda ylmy çemeleşmelere esaslanýan ynsanperwer durmuş-ykdysady syýasat jemgyýetiň ähli gatlagyny, ähli sebitleri gurşap alýar. Ykdysadyýetiň hemme ugurlarynda ýokary ösüşler gazanmaga gönükdirilen milli maksatnamalarda ýurdumyzyň geljek döwürlerdäki ösüşleriniň anyk ugurlary, olaryň durmuşa geçirilmeginiň ýollary kesgitlenilýär. Şeýle esasda pudaklara sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, täze önümçilik we durmuş maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berilýär, ýüzlerçe kärhanalaryň we beýleki desgalaryň durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar hem-de önümçilik giňeldilýär. Oýlanyşykly alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň netijesinde ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi, tebigy, önümçilik we zähmet serişdeleriniň ýerlikli ulanylmagy ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe badalga berlen uzakmöhletleýin maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ilatyň abadançylygyny hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň, ýurduň sebitleriniň ösüşini has-da ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Döwlet býujeti möhüm we esasy maliýe gurallarynyň biri bolup durýar. Bu ýylyň Döwlet býujetinde öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp,