HABARLAR

Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýjy kärhanasy döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýyş zawody bolan Gyzylarbat şäheriniň demir ýol wagonlaryny abatlaýjy zawody döwrebaplaşdyrylar. Öz taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýan bu zawod Türkmenistanyň taryhynda demir ýol tehnikalaryny abatlamaga ýöriteleşen ilkinji wagon abatlaýyş zawody hasaplanýar. Gyzylarbadyň wagon abatlaýyş zawody Türkmenistanyň taryhynda demir ýol hojalygyna degişli ilkinji kärhanadyr. Baryp-ha, XIX asyryň ahyrynda ruslar tarapyndan döredilen wagon abatlaýyş zawody indi türkmen we rus demir ýol hünärmenleriniň gatnaşmagynda täzeden döwrebaplaşdyrylar. Zawody döwrebaplaşdyrmak işine Russiýanyň «RŽD Interneşnl» kompaniýasy gatnaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň «RŽD Interneşnl» kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Stolýarow Aşgabat şäherinde 19-20-nji ýanwarda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumynyň dowamynda mälim etdi.

Türkmen-gyrgyz ulaglar arkaly söwda dolanyşygy geçen ýylyň 11 aýy boýunça 160,2% ýokarlandy

Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen ulaglar arkaly daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 79,6 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 160,2 göterim ýokarlandy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komiteti geçen hepde çap eden hasabatynda mälim etdi. 2021-nji ýylyň birinji on bir aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 30,59 million ABŞ dollaryndan gowrak bolupdy.

Rus kompaniýasy Türkmenistandan deňiz arkaly ýükleri daşamaga gyzyklanma bildirýär

Russiýanyň «Sowfraht» ulag we logistika kompaniýasy ýakynda Hazar deňzinde Türkmenistan bilen Russiýanyň portlarynyň arasynda yzygiderli ýük daşamak işine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Munuň üçin kompaniýa ýük daşaýyş ulgamlarynyň operatory hökmünde hereket etmek üçin ähli zerur çeşmelere we mümkinçiliklere eýe.

Özbegistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana uly mukdarda awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny iberdi

Özbegistandan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana ýüzden gowrak 40 futlyk konteýnerleri iberdi. Awtoulag ätiýaçlyk şaýlary ýüklenen konteýnerler Azerbaýjanyň «AZERMASH SP» LLС kompaniýasy üçin niýetlenendir diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär. Awtoulag pudagynda ulanylýan ätiýaçlyk şaýlary «UzAVTO MOTORS» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan iberildi. Portdan ýük daşamalaryny amala aşyrmak bolsa, «Türkmenistanyň Ulag logistika merkezi» PJ tarapyndan amala aşyryldy.

Eks­por­ta gol­daw ber­me­giň mil­li tej­ri­be­si

Dünýä ykdysadyýetinde globallaşmak prosesleriniň dowam edýän häzirki şertlerinde milli eksport edijilere goldaw bermek we olaryň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmek meselesiniň derwaýyslygy has-da artýar. Özüniň mazmuny boýunça eksporta döwlet goldawyny bermek milli kärhanalaryň halkara bazarlaryndaky bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we milli işewürligiň daşarky bazarlara çykmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu goldaw öz gezeginde, milli girdejiniň artmagyna, telekeçiligiň ösmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Yhlasly iş — ýokary hil

Diýarymyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan «gara altynyňdyr» «mawy ýangyjyň» möçberini durnukly artdyrmak bu binýatlyk pudagyň baş wezipesi bolup durýar. Ol Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda hem esasy şert bolup durýar. Onda tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek öňe sürülýär. Uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryň onlarçasynda döwrebap iş alyp barýan önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini gazanmakda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Balkanabatdaky abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem tutanýerli zähmet çekilýär. Bu ýerde iň bir jogapkärli hünärleriň otuza golaýyna başarjaň erk edýän işçidir hünärmenler konserniň önümçilik düzümlerinden gelýän sargytlary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirýärler. Kärhananyň tokarlarynyň, frezerleriniň, dürli usulda kebşirleýjileriniň, ýonujylarynyň, iş gurallardyr ätiýaçlyk şaýlaryny ýasaýjylarynyň, metallary hem-de erginleri guýujylarynyň, demirçi ussalarynyň, ýylmaýjyl

Ýangyç guýujy beket ulanmaga berildi

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasy Murgap etrabynyň merkezine ýanaşyk ýerde, etrabyň köp ilatly obalaryna gidýän uly ýoluň gyrasynda 186-njy awtoulaglara ýangyç guýýan, durky düýpli täzelenen bekedi ulanmaga berdi. Täze beketde sürüjiler öz awtoulaglaryna benziniň A-80, A-92, A-95, ECO-93 görnüşlerini, şeýle hem dizel ýangyjyny guýup bilýärler. Her gije-gündizde 650 sany awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen beketde ýangyç guýujy kämil tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde sürüjiler tölegleri nagt hem-de nagt däl görnüşinde amala aşyryp bilýärler.

«Altyn bürgüdiň» önümleriniň örüsi giňelýär

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň häzirki ýeten derejesi guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bazarlarynda biziň ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmekde telekeçilerimiz has möhüm orny eýeleýärler. Önüm öndürijileriň aglabasy diňe bir içerki bazarda öňdebaryjy orunlary eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, dürli görnüşli önümleri başga döwletlere-de eksport edýärler hem-de önümleri ýerlemek üçin täze bazarlary işjeň ýagdaýda gözleýärler. Şolaryň birisi hem «Altyn bürgüt» hususy kärhanasydyr. Artykmaç öndürilen önümleri daşary ýurtlara eksporta ibermegiň ýa-da öz-özüňi zerur bolan harytlar bilen üpjün etmegiň amatly taraplaryna hususy kärhananyň hünärmenleri geçen ýyllaryň tejribelerinde has oňat düşünip ugradylar. Olar hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda her welaýatyň öz-özüni gök, bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmelidigi baradaky sargytlaryny hem üstünlikli ýerine ýetirmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Himiýa pudagyndaky üstünlikler

Himiýa senagaty ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, ýerli çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemekde we olardan dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmekde giň mümkinçilikler döredildi. Munuň özi öndürilýän ýokary hilli himiýa önümleriniň durnukly artýan möçberlerini üpjün edýär. Geçen ýylyň jemleri boýunça welaýatymyzyň himiýaçylary tarapyndan öndürilen önümleriň anyk görkezijileri muny aýdyň görkezýär. Şol döwürde ýoduň 763 tonna golaýy öndürilip, 102,3 göterim zähmet üstünligi gazanyldy. Bu gymmatly çig malyň 254 tonnadan gowragynyň döwlete degişli bolmadyk ulgam tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek. Geçen ýylda tehniki uglerod öndürmekde hem 102,3 göterim ösüş gazanylyp, bu himiýa önüminiň 875 tonna golaýy çykaryldy. Öndürilen natriý sulfatynyň umumy möçberi bolsa 1010 tonna barabar boldy hem-de ösüşiň depgini 100,2 göterim ýokarlandy. Mineral dökünler babatda zähmet görkezijisi 1 million 38 müň tonna golaýlap, ösüşiň depgini 104,9 göterime deň boldy.

Geljegi nazarlaýan özgertmeler

Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şol sebäpden, maýa goýum işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýum serişdelerini giňden çekmekdir. Bu işleriň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, köptaraply işewür gatnaşyklarynyň çägini yzygiderli giňeltmek üçin zerur şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine maýa goýmagyň ähmiýetini dabaralandyrýar hem-de maýa goýujylaryň ynamyny artdyrýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlaryny artdyrmagyň ýollarynyň kämilleşmegi jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ýurdumyzyň hojalyk subýektlerine goýlan maýa goýumlaryň netijesinde şol subýektleriň önümçiliginiň ýokarlanmagyna getirýär.