HABARLAR

Haýyrly işleriň başynda

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, telekeçilik pudagyny ösdürmäge-de aýratyn uly üns berilýär. Güneşli Diýarymyzyň bedew batly gülläp ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan hususy işewürler welaýatymyzda hem barha köpelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» Kararyna laýyklykda, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň çäginde hem ösen senagat zolagy kemala gelýär. Arkadag Prezidentimiziň hususy işewürlere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bu senagat zolagynda öz işini döwrebap ýola goýanlaryň biri-de «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhananyň köp ugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat merkezi bir gektardan gowrak meýdany tutup, onda jemi 40 adam zähmet çekýär. Bu ýerde edara binasy, önümçilik sehi, elektrik enjamlaryny abatlaýyş-sazlaýyş sehi, ammar jaýy we işgärler üçin niýetlenen jaý bar.

Energetika pudagy üns merkezinde

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan möhüm wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň dowamynda milli Liderimiz: «Biz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalaryny gurduk, bar bolanlarynyň durkuny täzeledik» diýip bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan energetika ulgamyna çekdi. Munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzyň milli energetika ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny doly tassyklady. Bu günki gün Türkmenistan tutuş dünýäde iri energetika döwleti hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyzda degişli ugurda häzirki döwre çenli giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirildi we dünýä jemgyýetçiligine nusgalyk tejribe toplanyldy. Bu bolsa döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmeklige we energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistany elektrik energiýasyny eksport edýän kuwwatly ýurda öwürmäge mümkinçilik berdi.

Gazhimiýa zawodynyň döwrebap önümleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda gazhimiýa senagaty hem güýçli depginler bilen ösýär. Bagtyýar eýýamda Türkmenistanyň ýerasty we ýerüsti tebigy serişdelerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen bu baýlyklar halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Halaçda tegelek haly dokalýar

Geçen ýylda 9300 inedördül metre golaý haly dokap, ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlän Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň işine ezber gelin-gyzlary ýyllyk borçnamany 106 göterim amal etdiler. Olaryň ellerinden önen gözellik bolsa şuglasyny diňe bir ýurdumyza däl, Ýer ýüzüne çaýdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu ýerde işine ussat halyçylaryň onlarçasy zähmet çekýär. Aýnabat Derýaýewa, Akgül Hallyýewa, Gülendam Taňňyýewa, Bahargül Annaýewa ýaly «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen belent ada mynasyp bolan ussatlar halaçly zenanlaryň esasy kärine öwrülen gadymy senedi ýaş şägirtlerine hem geçirýärler. Kärhana täzelikde işe gelen gelin-gyzlar tejribeli halypalarynyň gadamyna gadam goşup, gözellik döredýärler.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de awtobenzini, owganystanly telekeçiler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 17 million 281 müň dollaryndan gowrak boldy.

Sanly ykdysadyýetiň kämilleşdirilmegi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň her günde ençemesiniň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen işjeň daşary ykdysady syýasat ýurdumyza sebit we halkara derejesindäki iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen köpugurly özara işjeňligi diwersifikasiýalaşdyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň, sanly ykdysadyýetiň hukuk binýadynyň kämilleşmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly itergi berýändigini bellemek zerurdyr. Bu Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildi

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz täze pudaklary döretmek, senagatda we durmuş-medeni ulgamda özboluşly desgalaryň birnäçesini gurmak bilen, öz ykdysadyýetini üstünlikli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, meseleleri we esasy ugurlary, şeýle-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jemi içerki önümi emele getirmekde goşýan goşandyny artdyrmagyň, milli ykdysadyýetde sanly ulgamy kämilleşdirmegiň çäreleri kesgitlendi. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça ähli möhüm ugurlar boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ösüşleriň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetimizde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak işleri giň gerime eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilen işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwletiň düzgünleşdiriji ornuny göz öňünde tutup, bazar edaralaryny we usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigine, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň işlenilip taýýarlanylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi. Ýurdumyzda döwlet emlägini hususylaşdyrmaga ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitlenildi we bu işiň bäsleşikli ýa-da göni salgyly esasda geçirilmegi kanuny ýagdaýdyr. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy döwlet eýeçiligindäki emläkleriň döwlete degişli bolmadyk ýu

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlary

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, halkara nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işi halkymyzyň asylly ynsanperwer ýörelgeleriniň, hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Şeýle möhüm ugurlarda gazanylýan ösüşler, özgerişler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miwesidir. Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleri barada buýsançly we guwançly gürrüň etmäge esas kän. Taryh üçin gysga wagtyň — şanly 30 ýylyň dowamynda ykdysady ösüşi, umumadamzat bähbitli amala aşyrýan işleri bilen Türkmenistan döwletimiz kuwwatly, ösen döwletleriň derejesine çykýar.

Hem içerki bazara, hem eksporta

Telekeçi Ruslan Abdullaýewe degişli ýyladyşhanada öndürilýän pomidor hasylynyň 80 ― 90 göterimi daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu ýerde dekabrda ýyglyp başlanylan 100 tonna çemesi pomidoryň 70 tonna golaýy Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana ugradyldy. Gabynyň daşynda «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy ýerleşdirilen oba hojalyk önümleri dünýä bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Gazetimiziň geçen sanlarynda hem habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýylda welaýatymyzyň hususyýetçileriniň 16-syna degişli ýyladyşhanalarda öndürilen pomidorlaryň ekportundan alnan girdeji Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 3,5 million dollaryna ýakynlaşdy. Alnan girdejide Ruslan Abdullaýewiň ýyladyşhanasynyň hem uly paýy bar.