HABARLAR

Ykdysady hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny deňhukuklylyk, özara peýdalylyk we bu işe çekilen taraplaryň bähbitlerini hasaba almak, şeýle-de ýurtlaryň we sebitleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garamak esasynda ösdürýär. Türkmenistan öz maliýe-ykdysady giňişliginiň açyklygyny üpjün edýär, ähli döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, ykdysady meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär. Ýurdumyz bu daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde ynamdar, ygrarly, özara hyzmatdaşlykda netijeli hyzmatdaş, umumadamzat meselelerini çözmekde netijeli başlangyçlary öňe sürýän tarap hökmünde uly abraýa mynasyp boldy. Halkara derejesinde bähbitleriň utgaşmagyny özünde jemleýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly ulgam: döwrebaplygyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda alnyp barylýan giň gerimli sanly özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amal edilýän işleriň özüniň ýokary netijesini berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmaga we ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Diýarymyzda alnyp barylýan sanly özgertmeleri maksatnamalaýyn esasda amala aşyrmak maksady bilen, degişli ugruň kanunçylyk binýady yzygiderli berkidilýär we möhüm resminamalar kabul edilýär.

Milli öndürijiler — ykdysadyýetiň daýanjy

Bu gün bazarlarymyzda we söwda merkezlerimizde alyjylara hödürlenilýän azyk önümleriniň, halkymyzyň gündelik durmuşynda peýdalanylýan hojalyk harytlarynyň we dürli görnüşli dokmaçylyk önümleriniň aglaba böleginiň milli öndürijiler tarapyndan öndürilendigini göreniňde, ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň depginli ösüşine buýsanjyň artýar. Bu ösüşler hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň miwesidir. Şu ýyl ähli ulgamlardaky uly üstünlikler bilen eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesini garşylaýarys. Üç onýyllygy öz içine alýan döwürde ýurdumyzyň ykdysady ösüşine nazar aýlasaň, baryp asyryň başynda hem bazarlardyr söwda merkezlerde milli öndürijilerimiz tarapyndan hödürlenilýän harytlaryň görnüşleriniň sanynyň barmak basyp sanap boljak möçberde bolandygyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçmegi bilen Diýarymyzda hususy işewürlige giň mümkinçilikler döredildi we milli senagatymyz depginli ösüş ýoluna düşdi. Bu gün hojalyk üçin zerur harytlary almak üçin islendik söwda merkezine ýa-da dükana barsaň, öz ýurdumyzda öndürilen harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Şolaryň agramly bölegi bolsa hususy ulgamyň wekilleri tarapynd

Ulag ulgamy kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ýurduň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan giň möçberli işlere, ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüş-özgerişlere nazar aýlasaň, Watanymyzyň at-abraýynyň älem içre ýaýraýandygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň. Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmagyna esaslanýar. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek bilen, «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ol Ýuwaş ummanyndan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropanyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi öz içine alýar.

Milli nagyşlarymyz sünnäden-sünnä, oňa haýran galyp, syn eder dünýä!

Dünýä ýüzüniň milletlerini biri-birinden tapawutlandyrýan, olaryň ruhy we medeni aýratynlyklaryny aňladýan gymmatlyklaryň biri-de, milli nagyşly milli lybaslardyr. Haýsy halky alsaň, alyp göräýmeli, milli lybasy bolmadyk halk ýok. Islendik halk hem, häzirki wagtda nähili ösen derejä ýetendigine garamazdan, ilki bilen el güýjünde öndürilen lybasyny geýip, dünýä çykypdyr. Iň gyzykly ýeri-de, halklar häli-häzirlerem döwrebap lybaslar bilen däl-de, milli lybaslary bilen tapawutlanýar. Diýmek, milletiň milliligini aňladýan milli nagyşly lybaslary näçe dabaralandyrsaň, halkyň taryhy, şu güni we geçmişi-de şonça belent derejä ýetjek ekeni... Şeýle pikirleri seriňde aýlap oturyşyňa, hormatly Prezidentimiziň bagtyýarlyk döwrümiziň dokma senagatyny ösdürmek, bu pudakda öndürilýän önümlere milli nagyşlarymyz arkaly häzirki zaman öwüşginini çaýmak, özi-de, ony mümkin boldugyndan ýokary hilde öndürip, dünýä bazarlaryna çykarmak baradaky irginsiz tagallalarynyň nähili uly maksatdan gözbaş alýan ekendigine düşünip, öz ýanyňdan örän buýsanýarsyň.

Hususylaşdyrmak — bazar gatnaşyklarynda baş ugur

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň wajyp ugry döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen alnyp barlan işleriň netijesinde, häzirki wagta çenli Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli (2021-nji ýylyň 2 aýyny goşmak bilen) döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 557-ä, maýa goýum bäsleşiginde, gazna biržasynda, kärendeçisine we salgyly satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 155-e, bäsleşikli söwdada (auksion) satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 402-ä ýetdi. Türkmenistanda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Telekeçileriň bähbitlerini goraýan kanunlar kabul edilýär, bu ugry saýlap alan raýatlara ýeňillikli bank karzlary yzygiderli berilýär. Dürli maksatly desgalaryň gurulmagy, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara bazar giňişliginde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçi

Milli ykdysadyýetimizde belent sepgitler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady-durmuş ösüşleri netijeli häsiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejelere ýetmegine ähli amatlyklary döredýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ösüşleriň gazanylmagynda döwlet Maksatnamalarynyň döwrebap, kämil bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» esaslanyp, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şeýle hem bank ulgamynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar.

Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň ygtybarly binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň durmuş hal-ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy görkezijiler durnukly ösýär. Üstümizdäki ýylyň 22-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösýändigini, munuň özi eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanyp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda sanly ykdysadyýetiň bu giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalar hem tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr. Halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň elmydama ýokary derejede saklanylmagyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, onuň maddy esasyny düzý

Gadam — batly, ýürek — joşly

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň barha ilerlemegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň, ýokary tehnologiýalaryň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaryň işini üstünlikli ýola goýmaga düýpli itergi berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna mynasyp işleri bitirýän kärhanalaryň birem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly gadam» hususy kärhanasydyr. Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Batly gadam» dünýä hil ülňülerine gabat gelýän häzirki zaman hususy kärhanasyna öwrüldi. Ýurdumyzda iri hususy kärhanalaryň hatarynda tanalýan «Batly gadamda» häzirki wagtda ýüplük, boýag we jorap bölümleri hereket edýär. Önümçilik bölümlerindäki pagta süýüminden ýüplük egriji, taýýar ýüplükleri boýamaga niýetlenen hem-de jorap örüji enjamlar Ýewropa döwletleriniň önümleridir.

Sanly ulgam: zerurlyk, talap, öňegidişlik

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýan sanly özgertmeler barada Sanly ykdysadyýet — häzirki zaman dünýäsinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri. Bu ugruň ösdürilmegi ähli pudaklarda ýokary netijeleri we uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda alnyp barylýan işlerde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ministrlik degişli ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri maksatnamalaýyn esasda amala aşyrmaga mynasyp goşant goşýar. Ine, şular dogrusynda pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň kompýuter tehnologiýalary bölüminiň başlygy Guwanç ŞAMUHAMMEDOWA ýüz tutduk.