HABARLAR

Kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmekde täze tapgyr

Häzirki ösüp-özgerip barýan döwür ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny yzygiderli kämilleşdirip durmagy talap edýär. Şoňa laýyklykda, jemgyýetiň esas goýujy hukuk binýady hemişe kämilleşdirilip durulýar. Şeýlelikde, onuň milli aýratynlyklara, döwletiň ösüş derejesine, halkyň islegine laýyk gelýän kämil görnüşi emele gelýär. 11-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirmegi hem döwletimiziň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeleri kesgitlemekde möhüm waka öwrüldi. Hormatly Arkadagymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, häzirki döwrüň ösüşiň zamanasydygyny, durmuşyň bir ýerde durmaýandygyny, yzygiderli ösüp-özgerip barýandygyny belläp, onuň täze kadalardyr ýörelgeler bilen baýlaşýandygyna we öňki garaýyşlaryň üýtgäp, başga many-mazmuna eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini göz öňünde tutup, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk m

Köpugurly tagallalary utgaşdyryp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, ýylyň şygarynyň syýasy we durmuş babatdaky ähmiýetini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamlarynyň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalarynyň taýýarlanylyşy, nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak we bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek arkaly goşmaça suw gorlaryny döretmek, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny, alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerini ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşini giňeltmek bilen bagly öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmasy

paýtagtymyzda açylan ýaşaýyş ýaş toplumynda aýdyň şöhlelenýär Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary giň gerime eýe boldy. Munuň özi ilatyň amatly we özlerine kybap ýaşaýyş jaýyny saýlamak mümkinçiligini has-da giňeldýär. Şunda ýaşaýyş jaýlarynyň döwrüň talaplaryna, raýatlaryň isleglerine laýyk gelmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde dabaraly ýagdaýda açylan täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

2022: taryha altyn harplar bilen ýazylan möhüm wakalar

Watandaşlarymyzyň arzuw-islegleri esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan täze, 2023-nji ýyla gadam basan günlerimizde biz özygtyýarly döwletimiziň taryhy ýyl ýazgysyna «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen giren 2022-nji ýylyň möhüm wakalaryny ýatlaýarys, olaryň ähmiýetine baha berýäris we geljek üçin meýilnamalary kesgitleýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne badalga berlen bu ýylda ýurdumyzda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň, bitirilen işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň halkymyzyň tutanýerli we döredijilikli zähmeti bilen utgaşmagynda myrat tapdy. Eýýäm taryhyň gatlaryna ýazylan bir ýyllyk döwürde Diýarymyzyň çar künjünde durmuşa geçirilen beýik işler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl Gutlagynda hem öz beýanyny tapdy. Gazetimiziň şu sanynda Gutlagda agzalýan möhüm wakalara wagt yzygiderliliginde gysgaça ser salmagy makul bildik. 27-nji ýanwarda paýtagtymyzda Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 11-nji ýanwary) Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary! Hormatly Mejlisiň deputatlary!

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň KARARY

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Milli döwlet gurmak we dolandyrmak meselelerinde toplanan baý taryhy tejribämize daýanmak bilen, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny has-da kämilleşdirmek, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, karar edýär:

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki KARARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine daýanyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 801-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Kämil kanunçylyk — ösüşleriň kepili

Ýurduň kanunçylyk binýady berk bolanda, oňa hemişe ösüşler ýaran bolýar. Türkmenistan Watanymyzda hem ähli pudaklarda alnyp barylýan işler kanuna laýyklykda amala aşyrylyp, şonuň netijesinde-de sazlaşykly ösüşlere ýetilýändigi döwrümiziň buýsandyryjy hakykatydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip bellenilýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar, ilkinji nobatda, adamlaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramaga gönükdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kanunçylyk binýadymyz täze eýýamyň talaplaryna laýyklykda barha kämilleşdirilýär. Raýatlaryň hukuklaryny kanunçylyk taýdan goramakda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde jemgyýetiň dürli ugurlaryny kadalaşdyrýan kanunlar kabul edilýär, ozalkylara döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Ol kanunlaryň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine ýardam edip, jemgyýetimiziň asudalygynyň mizemezligini kepillendirýändigini bellemek ýakymlydyr.

Buýsançly kalplaryň joşguny

Eziz Diýarymyzda uly buýsanç, şatlyk-şowhun bilen garşy alnan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäreler şu günler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde biri-birine ulaşýar. Balkanabat şäher häkimliginiň şäheriň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde geçiren maslahaty hem şolaryň hatarynda mynasyp orun aldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi her bir türkmenistanlynyň, esasanam, ýaşlaryň başlaryny göge ýetirdi. Özleri hakynda döwlet derejesinde edilýän alada, bildirilýän belent ynama oňat okamak, işlemek, döretmek, gurmak arkaly jogap bermek bolsa ýaş nesilleriň esasy borjudyr.