«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Söwda toplumynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, dabaraly maslahat geçirildi. Söwda toplumynyň ýolbaşçylarynyňdyr işgärleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan maslahatda ýylyň şygarynyň ähmiýeti, döwlet ýaşlar syýasatyny has-da işjeňleşdirmek bilen bagly çykyşlara uly orun berildi. Mälim bolşy ýaly, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Karary bilen, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşine işjeň gatnaşmak, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň şahsy başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, halk köpçüliginiň goldamagy esasynda 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Ýylyň bu şygary Watanymyzyň şu güni, geljegi hasaplanýan ýaşlara bildirilen uly ynam bolup, ol 2023-nji ýyly rowaçlandyrjak uly üstünliklere, beýik işlere ýaşlaryň has-da işjeň gatnaşmaklaryna uly mümkinçilikleri döretdi. Muňa täze ýylyň ilkinji günlerinden başlap, bu şygara bagyşlanyp, ýurdumyzyň çar tarapynda geçirilýän maslahatlardyr çärelerde, duşuşyklarda ýaşlaryň çykyşlaryna aýratyn orun berilmegi hem aýdyň mysaldyr.