Şanly şygara buýsanjyň beýany
Welaýat häkimliginiň guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahat toý ruhuna beslendi. «Röwşen geljek siziň bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!» diýen at bilen geçirilen maslahatda giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda aýratyn nygtalyşy ýaly, şöhratly taryhymyzda orun alýan her bir ýyl şanly wakalary, taryhy pursatlary, gazanylýan köptaraply üstünlikleri bilen bagtyýar durmuşymyzy nurlandyrýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem taryhy wakalara, beýik özgertmelere, dünýä ähmiýetli döwletli tutumlara baý ýyllaryň biri boldy. Parahatçylyk, dostluk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän eziz Diýarymyzyň halkara abraý-mertebesi täze belentliklere göterildi. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy bolsa, geçen ýylyň şanly wakalarynyň biri bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek ýörelgesiniň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda täze taryhy eýýamda dowamat-dowam bolýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Maslahatda çykyş edenler 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegin