HABARLAR

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY

Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde öz ösüş ýoly bilen häzirki zaman we kuwwatly döwlet hökmünde okgunly öňe gitmeginde we döwletliligiň milli nusgasyny döretmekde ägirt uly hyzmatlary bitiren, adyl, adalatly, öňdengörüji, parasatly, ynsanperwer garaýyşlary bilen halk içinde ägirt uly abraýdan peýdalanýan, halkyň çäksiz sylagyna, hormatyna eýe bolan görnükli şahsyýetleriň jemgyýetdäki ornuna uly ähmiýet bermek bilen, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý tejribesine daýanýan hem-de häzirki zaman jemgyýetinde durmuş hakykatyna we halkymyzyň erk-islegine laýyk gelýän şu Konstitusion kanun türkmen halkynyň Milli Liderini ykrar edýär, syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.

Täzelikler

Türkmenabat şäherindäki «Wepa-Sapa» hususy kärhanasynda ilatyň gündelik durmuşynda ulanylýan plastmassa önümleriniň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar. Bu ýerde her aýda 5,5 tonna golaý önüm öndürilýär. Türkiýäniň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň tehnologiýalary ornaşdyrylan hususy kärhananyň önümçiliginde zerur bolan esasy çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýär. Hususy kärhana geçen 2022-nji ýylda hojalykda ulanylýan zerur bolan plastmassa önümleriniň dürli görnüşleriniň 64,5 tonnasyny, ýagny, 1 million 235 müň 474 manatlygyny öndürip, içerki bazara ugratdy. Bu görkeziji geçen ýyllardakydan ep-esli köpdür.

Şatlykly waka buýsanja beslendi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde geçiren mejlisiniň yzysüre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri welaýatymyzda saparda boldular. Düýn olaryň gatnaşmaklarynda welaýat häkimliginde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda dabaraly maslahatlar geçirildi. Säher bilen Türkmenabat şäherindäki baýry ýokary okuw mekdebinde geçirilen dabaranyň gün tertibi bu bilim ojagynyň mugallymlary we talyplary bilen institutyň gurulmagy meýilleşdirilýän täze binalar toplumynyň şekil-taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Dabaraly maslahatyň çäginde bilim ojagynyň professor mugallymlary we talyplary hödürlenilýän şekil-taslamalar bilen tanşyp, olara ýokary baha berdiler.

Abadan ýaşaýşyň hyzmatynda

«Döwlet adam üçindir!» Milli Liderimiziň bu dünýä nusgalyk şygary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha dabaralanýar. Ilatyň abadan ýaşaýşyny berkarar etmek ugrunda biziň ýerine ýetirýän işimiziň ähmiýeti hem kiçi-girim däl. Ilatly ýerleri ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipäniň belentliginde bolmak üçin netijeli işleri alyp barýarys. Geçen ýylda ilata agyz suwunyň jemi 43 million 587 müň 965,5 kub metri berildi. Şeýle-de tamamlanan ýylda lagym suwunyň bolsa 15 million 479 müň 589 kub metri akdyryldy. Welaýatymyzyň ilatyny agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin suw geçiriji we lagym ulgamlarynyň sazlaşykly işledilmegi gazanylýar. Geçen ýylda suw geçirijileriň 921 metri, lagym geçirijileriň hem 616 metri täzelenildi. Birleşigimiziň hünärmenleri ulgamyň bökdençsiz işlemegini gazanmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Olardan slesarlar Rustem Raşidowyň, Umyt Rozybaýewiň, traktorçy Intizar Bazarowyň, sürüji Ýakup Jumaýewiň, lagym bölüminiň müdiri Kömek Baýgeldiýewiň atlaryny öňdebaryjylaryň hatarynda agzamak bolar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL TIKINÇILERIŇ ÜMZÜGI ILERI

Taryhy mejlis

«7/24. tm», № 04 (139), 23.01.2023 2023-nji ýy­lyň 11-nji ýan­wa­ryn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şiniň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Mej­li­si­niň bi­le­lik­dä­ki mas­la­ha­tyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz türk­men hal­ky­nyň döw­le­ti do­lan­dyr­ma­gyň asyr­la­ryň sy­na­gyn­dan ge­çen de­mok­ra­tik däp­le­rin­den, dur­muş ýö­rel­ge­le­rin­den ugur alyp, ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýe­tiň dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di.

Sagdynlyga, sporta beslenýän ýyllar

Bagtyýar hem-de agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ösüşlere we özgertmelere besledi. Ajaýyp zamanamyzyň uly dabaralar, şatlyk-şowhun bilen garşylanan ýene-de bir şanly ýylynyň – 2023-nji ýylyň ähli halkymyzyň giňden goldamagy esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa raýatlarymyzyň buýsanjyna buýsanç, şatlygyna şatlyk goşdy. Sebäbi ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işleriň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan gözbaş alýar we şol işleriň geljekde hem dowamat-dowam bolmagyna mynasyp goşant goşmak, ilkinji nobatda, şu günki ýaş nesliň borjy bolup durýar. Hawa, ruhubelentligiň, sagdynlygyň, sportuň mekany bolan eziz Diýarymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şöhratly menziline rowana boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly ähli ugurlarda uly ösüşlere beslemek, hemmämize mälim bolşy ýaly, döwletimiziňem, halkymyzyňam öňündäki iň esasy wezipe bolup durýar. Geçen ýylda amala aşyrylan we şu ýylda durmuşa geçirilmeli il-ýurt bähbitli işler hakynda söhbet edilende bolsa, elbetde, halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimi

Halk bähbitli demokratik özgertmeler

Ata-babalarymyzyň halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli demokratiýamyz täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda geçiren Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdi. Maslahatda täze taryhy eýýamda kanun çykaryjy häkimiýetiň işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler beýan edildi. Milli Geňeşiň palatalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady meseleleri çözmek baradaky asylly däplerine eýerip, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Şunlukda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täzeden döredilmegi esasynda oňa giň ygtyýarlyklar berler. Şonuň esasynda ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimi

Ýaşlara ynam – gelejege ynam

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşi, Agrar partiýanyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde wagyz-nesihat maslahatyny geçirdi. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip ylgan edilmegi mynasybetli guralan maslahat hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny hem-de öňde goýan maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», şeýle hem «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň maksatnamasynyň» çäklerinde ýaşlaryň bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş endikleri bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny gazanmak, olary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirildi.

Şowhunly dabara

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda dilleri okatmagy kämilleşdirmekde talyplaryň başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, «Arkadagly Serdarymyz bilen öňe barýar bagtyýar nesil» atly şowhunly çäre geçirildi. Döwletimiziň ajaýyp ösüşleri hakyndaky aýdymyň ýaňlanmagy bilen başlanan çärede talyplar gyzykly şertleriň birnäçesi boýunça bäsleşdiler. Şolaryň hatarynda üç dilde krossword çözmek has-da gyzykly geçdi. Dünýä dillerini iri sport baýramçylyklary bilen baglaýan aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Sportuň görnüşleri boýunça sorag-jogap alşyldy. Olaryň dürli dillerde bolmagy institutda bilim alýan ýaşlaryň birnäçe dili suwara bilýändiklerini görkezdi.