Ýüplükler dünýä ýol ýasaýar
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda okgunly ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda dokma senagatynda hem uly sepgitler gazanylýar. Bu pudagyň ýylyň-ýylyna ýokary zähmet görkezijilerine beslenýän kärhanalarynyň hatarynda Türkmenabadyň pagta egriji fabrigini hem görkezmek bolar. Kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu döwrebap fabrik jemi bäş bölümden ybaratdyr. Önümçiligiň tehnologiýasyna laýyklykda esasy çig mal bolan gowaça hasyly ilki fabrigiň taýýarlaýyş bölümine ugradylýar. Soňra egriji, saraýjy, buglama we gaplama bölümlerinden geçirilip, harytlyk görnüşine getirilýär. Fabrikde häzirki döwürde, esasan, nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär.