HABARLAR

Baýramçylyk bäsleşigi

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gullugy geçýän zenan harby gullukçylaryň ata Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgülerini, türkmen zenanlaryna mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk häsiýetlerini we döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan harby gullukçylaryň arasynda «Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» atly bäsleşigi geçirildi. Zenan harby gullukçylar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda 5 şert boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şerti, saýlap alan käriniň wajyplygyny, öňünde goýan maksatlaryny, milli-ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini çeper wasp etmek. Ikinji şertinde bolsa, zenanlar özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny görkezip, türkmen zenanyna mahsus bolan edep-ekram, abraý-mertebe barada goşgyny ýerine ýetirmek. Bäsleşigiň üçünji şertinde taryhda öçmejek yz galdyran, gahrymançylyk görkezen zenanlaryň keşbini janlandyrmak. Dördünji şert bolsa, ata-babalarymyzyň «El hünäri il gezer» diýen nakylyndan ugur alyp, gadymdan gelýän çeper el işlerinden öz başarjaňlygyny görkezmek. Jemleýji bäşinji şert bolsa «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, unaş kesmek.

Arkadagyň pähimi bilen

Türkmenistan, ata-baba baky bagtyň mekany sen, Sähralaňda müşgün saçýan ak baharlaň soltany sen,

Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Diýarymyz ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, sagdynlygyň nusgasyna öwrüldi. Golaýda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň we TAP-nyň etrap komitetleriniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramagynda «Kalbymyzda Arkadaga alkyşlar, dillerimizde ajap döwrüň aýdymy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Serdar Muhyýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada we şu ýylyň dost-doganlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda işjeň gürrüň etdiler. Şeýle hem şu ýyl uly dabara bilen bellenilip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdiler.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat döwlet Baştutanymyzyň döredijilik ylhamynyň nyşanydyr

Döwrebap ylym-bilim merkezi Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilbaglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen häzirki döwrüň Aşgabady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi bolup, Türkmenistanyň dünýä derejesinde belent abraýa eýe bolmagyny üpjün etdi.

Gözelligiň şäheri

Ak şäherimiz Aşgabat şu ýyl 140 ýaşyny belleýär. Ilkibaşda Aşgabat çeşmesiniň boýundaky 800 çemesi ak öýden ybarat bolan kiçeňräk oba bu gün ak mermere beslenen müňlerçe gözel ymaratlary özünde jemleýän ajaýyp şähere öwrüldi. Ilki-ilkiler şäheriň köçeleri dar, egrem-bugram görnüşde bolan bolsa, bu gün döwrebap şaýollary, birnäçe gatly ýollar, köprüler, ýerasty hem ýerüsti pyýada geçelgeler paýtagt şäherimize iň döwrebap görnüş berýär. Şäherimiz bu gün dünýäniň ählitaraplaýyn ösen şäherleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Gözel paýtagtymyz bu günki gün ýurdumyzyň ýüregi hökmünde durmuş-ykdysady düzümleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bilim edaralarynyň ençemesini özünde ýerleşdirýän Aşgabat ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän ýaşlary gujak açyp garşy alýar.

Göwher gaşly Aşgabat

Hormatly Prezidentimiz Aşgabady ösdürmek, paýtagtymyzda täze taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak babatda taýsyz tagallalary edýär. Şeýle tagallalar netijesinde berkarar Watanymyzyň ak mermerli paýtagty gözümiziň alnynda günsaýyn ösýär, özgerýär we dünýäniň iň owadan, nurana şäherleriniň birine öwrülýär. Aşgabadyň özgerýän keşbinde häzirki taryhy döwrümiziň döredijilik ruhy aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde, baş şäherimizde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar paýtagtyň ýaşaýjylarynyň döredijilikli işlemegine, amatly dynç almagyna, sport bilen meşgullanmagyna giň amatlyklary açýar. Şeýle binalaryň we desgalaryň binagärlik hem-de bezeg işlerinde sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň ulanylmagyna aýratyn ünsüň gönükdirilýändigi has-da buýsandyryjydyr.

Möhüm syýasy çäre

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde, hakyky halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlar hem onuň aýdyň güwäsidir. Döwletimiziň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri meýilnama laýyk üstünlikli alnyp barylýar. Şu güne çenli welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, mynasyp dalaşgärleri bellige almak çäresi 7-nji martda tamamlandy. Bellige alnan dalaşgärlere Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan degişli resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, saýlawlaryň öňýanyndaky ähli çäreler demokratik, aýanlyk, köppartiýalylyk hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirildi.

Zenan bagtyýarlygy — ýurduň bagta ýarlygy

Ýaňy gadam goýan bahar paslymyzyň gözelligine gözellik goşup, ýurdumyzda Halkara zenanlar güni uludan bellenip geçildi. Şatlyk-şowhuny bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny bezän bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli, paýtagtymyzda we ähli welaýatlarymyzda konsertler, dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, şeýle hem wagyz-nesihat çäreleri guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň: «8-nji martda dabaralary guramak bilen, biz zenanlarymyza çuňňur hormatymyzy, hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de olaryň jemgyýetde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini artdyrmakda eýeleýän ornuny açyp görkezýäris» diýşi ýaly, bu baýramçylyk biziň döwletimizde zenan mertebesiniň juda belentdedigini ýene bir gezek bütin halkara jemgyýetçiligine görkezdi. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlarynyň berilmegi, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de olaryň birnäçesine ähli amatlygy bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy, şeýle hem «Ýylyň zenany» we «Talyp gözeli — 2021» bäsleşikleriniň geçirilmegi baýramçylyga aýratyn röwüş çaýyp, watandaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan

Garaşsyzlyk müdimilik mukaddeslik!

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda, ýagny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza Gutlagynda: «Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys» diýdi. Eýýäm şu jümleden Türkmen döwletiniň özbaşdak ýaşaýşa gadam goýan ilkinji pursatlaryndan dogry ýoly saýlap alandygyny, ol ýol bilen bedew batly öňe gidip, uly belentliklere ýetendigini duýmak kyn däl. Elbetde, «duýmak» diýenimde men ýaş nesli göz öňünde tutýaryn, orta we uly ýaşly adamlar bolsa Garaşsyzlygyň gadamlaryna aýak goşup, her bir ösüş-özgerişe gözli şaýat bolan, kesp-kärine, ukybyna görä şol işlere goşant goşan adamlar. Indi 30 ýylyň içidir, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem maddy, hem ruhy eşretlerini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Elbetde, bu döwür taryh üçin juda bir uly möhlet däl, emma şol ýyllarda özbaşdak ýaşap, ata-baba ruhumyza kybap milli ýolumyzdan ýöräp gazanan köpugurly ösüşlerimiz welin, döwletimiziňe

Parahatçylyk we ynanyşmak - halkymyzyň gadymy ýörelgeleri

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda halkymyzyň parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetli gatnaşyklara goýýan hormat-sarpasyny, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini çuňňur paýhaslaryň üsti bilen giňden beýan edýär. Bu kitaby içgin okadygyňça, öňe sürülýän belent pikirler parahatçylyga we ynanyşmaga söýgiňi joşdurýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy gözbaşlara, gadymy hem mizemez köklere daýanýandygy, halkymyzyň goşa ganatyna öwrülen bu mukaddesliklerimiziň buýsançly geljegimiziň täze gözbaşydygy, ebedi ýolumyzdygy, ertirki durmuşymyzyň sagdyn esaslarydygy bu kitapda aýratyn nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň öz kitabynda aýdyşy ýaly: «Halkymyzyň parahatçy