Watanyň edermen goragçylary
Golaýda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň mejlisler eýwanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz gümrükhanasynyň işgäri, leýtenant Begenç Berdiýew, Türkmenistanyň Serhet gullugynyň Daşoguz serhet birikmesiniň işgäri, uly leýtenant Röwşen Atadurdyýew, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň işgäri Muhammet Mämmetgeldiýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow çykyş etdiler. Çykyşlarda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşamaga, yhlasly zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyş aýdyldy. Tutuşlygyna baý many-mazmuna, baýramçylyk ruhuna beslenen dabaranyň dowamynda belentden ýaňlanan şirin aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, ajaýyp ýaşaýşymyzyň, parahat durmuşymyzyň waspy ýetirildi.