Watan goragçylarymyza belent sarpa
Watan — eždatlarymyzyň bize goýan iň uly mirasy. Bu gün şol mirasy Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylary, Oguz kowmundan dörän türkmen gerçekleri uly buýsanç bilen goraýarlar, wepalylyk bilen ata Watanymyza gulluk edýärler. Watan goragçylarymyza hem-de olaryň maşgalalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi harby gulluga bolan höweslerini artdyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly bellenilip geçilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy merdana ýurt goragçylarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde we harby borja ygrarlylykda tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşurylyp, harby atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi. Harby gullukçylarymyzyň höweslendirilmegi Diýarymyzda Watan goragçylary hakynda aýratyn alada edilýändigini, olara belent sarpa goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar yhlasly zähmetlerine goýlan uly sarpa üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.