HABARLAR

Watanymyz beýik özgertmeleriň ugry bilen ynamly öňe barýar

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir milli ykdysadyýetimizde däl, eýsem, döwlet gurluşynda, jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. 23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek ýerleri sürmegiň we tekizlemegiň depginini güýçlendirmegi, tehnikalardyr enjamlary taýýarlamagy hem-de kärendeçileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Häkimlere bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň gutlag iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Belgiýanyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlar

Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegine, onuň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýar. Ýakynda bolup geçen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda kabul edilen kararlaryň hem ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri açmagy - täze eýýamyň täze owazy bolup, ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýarýar, ýaşlaryň ýagty ertirine bolan beýik ynamyna ynam goşýar. Ýaşlar - ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri, ertirki ösüşleriniň binýadyny goýjak nesiller. Bu hakykat, sözüň doly manysynda, Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň aýdyň netijelerinde özüniň subudyny tapýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary okamak, döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine myn

Watanymyz beýik özgertmeleriň ugry bilen ynamly öňe barýar

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir milli ykdysadyýetimizde däl, eýsem, döwlet gurluşynda, jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. 23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek ýerleri sürmegiň we tekizlemegiň depginini güýçlendirmegi, tehnikalardyr enjamlary taýýarlamagy hem-de kärendeçileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Häkimlere bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýyl mynasybetli bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Başar AL-ASAD,Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Siziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!