HABARLAR

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda« atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara Gutlag haty bilen ýüzlendi. Onda: «Türkmen topragy milli aýdym-sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetiren halypalaryň mekanydyr. Olaryň ussatlyk ýoly häzirki wagtda-da halypa-şägirtlik ýoly arkaly dowam etdirilýär. Milli aýdym-sazlar göwünleri, kalplary birleşdirýär, medeni gatnaşyklar halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Joşgunly aýdym-sazlar halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, milli aýratynlyklaryny çeper beýan edýär. Aýdym haýsy dilde ýerine ýetirilse-de, sungatyň güýji ýüreklerde dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylyga söýgi döredýär.» diýlip bellenilýär. ***

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol täze taryhy eýýamyň özgertmelerini hukuk taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, aýdym-saz sungatynda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol täze taryhy eýýamyň özgertmelerini hukuk taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze Kanunlar metbugatda çap edilýär we deputatlar tarapyndan olaryň many-mazmunyny ilata düşündirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, Mejlisde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, aýry-aýry ulgamlaryň kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler alnyp barylýar. Hususan-da, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak bilen bagly Kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. 

«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, aýdym-saz sungatynda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparyna we beýleki möhüm wakalara beslenen geçen hepde Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň hem-de daşary syýasatynyň üstünlikli amal edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Saparyň birinji gününde Abu-Dabide iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny gurşap alýan meseleleriň toplumyna garaldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, olary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna, özara bähbitlere kybap gelýän täze derejä çykarmak boýunça pikir alyşdylar.

Täze eýýamyň üstünliklere beslenýän aýdyň ýoly

Ajaýyp zamananyň goýnunda, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bagtyýar ýaşaýan türkmen halkymyzyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Däp bolşy ýaly, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda-da Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy durnukly we depginli ösdürmekde gazanylýan üstünlikler täze sepgitlere ruhlandyrýar. Bu ýylda-da hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Watanymyz ösüş-özgerişli ýoluny ynamly külterleýär. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan uly üstünlikleriň üsti halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrmakda bitirilýän tutumly işler bilen ýetirilýär. Şeýle bähbitli işleriň netijesinde güneşli Diýarymyz behişdi mekana öwrülýär. Bu behişdi mekanda ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz Arkadagly Serdarynyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Taryha nazar aýlasak, gysga wagtyň dowamynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüş bab

«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, aýdym-saz sungatynda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ilerletmegiň ýoly bilen

Aşgabat — Seul, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen söhbetdeş bolup, soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa täze taryhy eýýamyň özgertmelerini hukuk taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.