HABARLAR

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň ýerine ýetirilýändigini belledi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, gallaçy daýhanlarymyzyň möwsümi gysga möhletlerde tamamlamagy üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Arkadagyň göreldesi — halkymyzyň ýörelgesi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde kabul eden Rezolýusiýasyna, şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda 3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni ählihalk baýramy hökmünde giňden bellenildi. Şol gün paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde ir säherde geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişlere ildeşlerimiziň ýüzlerçesi uly ruhubelentlik bilen gatnaşdy. Şol çäreleriň medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş türgenleriň şowhunly çykyşlary bilen utgaşmagy bu baýramçylygyň dabarasyna aýratyn öwüşgin berdi. Arkadag Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada uly tagallalary edýär. Hormatly Prezidentimiz welosiped sportuna aýratyn üns bermek bilen, özüniň döwlet işleriniň örän köpdügine garamazdan, dürli aralyklara welosipedli ýörişleri yzygiderli amala aşyrýar. Milli Liderimiz sportuň bu görnüşiniň diňe bir ynsanyň saglygyny berkitmäge, işjeňligini artdyrmaga oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, welosipediň ekologiýa taýdan arassa ulag bolmak bilen daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga ýardam edýändigini hemişe nygtaýar, ildeşlerimizi, ylaýta-da, ýaşlarymyzy welosiped sporty bilen köpçülikleýin meşgullanma

Ýurdumyzda parahatçylygy, abadan durmuşy üpjün etmegiň bähbidine

2-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň ýakyn geljek üçin işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň gün tertibine Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini kämilleşdirmek, döwlet emläginiň, şol sanda maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, içerki gullugyň podpolkownigi Nuraýew Jumamyrat Orazdurdyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *

Bagtyýar nesillerimiziň şadyýan gülküsi hemişe belentden ýaňlansyn!

Watanymyzyň ýaş nesli hakyndaky alada mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şol syýasata laýyklykda, sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklary, gadymdan gelýän däp-dessurlary we ahlak ýörelgeleri şol syýasatyň esasyny düzýär. 2015-nji ýylda işe girizilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziň täze döwrebap toplumy iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş edarasydyr. Hormatly Prezidentimiz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy.

Resmi habarlar

SYÝASY DURMUŞYŇ SENENAMASY 20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren maslahatynda olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy hem-de bu düzümiň işini guramak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy M. Taganow, Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygy G. Agaýew, Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiň başlygy B. Seýidowa, Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiň başlygy Ç.Babanyýazow, Halkara meseleler baradaky komitetiň başlygy M. Bäşimowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K. Babaýew hasabat berdiler. Demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de ösdürmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek, ýurdumyzda ykdysady işjeňligi we telekeçiligi goldamak, halkymyzyň saglygyny goramak, ylym, bilim ulgamyny ösdürmek, döredijilik işlerini höweslendirmek, Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça amala aşyrylýan döwlet syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça Milli Geňeşiň M

Türkmenistanyň Prezidenti «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanyldy

«Mir» döwletara teleradiokompaniýasy» kompaniýanyň işine berýän goldawy we köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglady. Bu ýokary sylag meşhur teleradiokompaniýanyň žurnalisti bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza gowşuryldy. Türkmenistan «Mir» döwletara teleradiokompaniýasyna millionlarça tomaşaçylary bolan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýän öňdebaryjy teleradiokompaniýalaryň biri hökmünde garaýar.

Türkmenistanyň wajyp başlangyçlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli Ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşindäki maslahaty BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş geçirdi. Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu hyzmatdaşlyga ilkibaşda strategik häsiýet mahsusdyr. Durnukly ösüş maksatlaryna milli derejede uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça bu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk soňky birnäçe aýyň dowamynda BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň goldaw bermeginde BMG-niň sebit ykdysady toparlarynyň, Howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça hereketler toparynyň, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we «СOVID-19 ýokanjy döwründe we ondan soňra ösüşi maliýeleşdirmek boýunça başlangyçlaryň» çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň geçiren «tegelek stollarynyň» tapgyry

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 25-nji maýy) Hormatly Baş sekretar!