HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşlikleri

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýanyň Baştutany milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we köpugurly döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.

Myhmansöýer paýtagtymyz täze binalar bilen has-da gözelleşýär

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ulagy paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada saklandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul edişlikleri

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpury kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, täze taryhy eýýamda ýurdy ösdürmegiň giň möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmakda uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren duşuşyklary

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen söhbetdeş boldy. Hanym Natalýa German wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de sebitde ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde Bitarap Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň binagärlik keşbine görk goşan “Arkadag” myhmanhanasynyň açylmagy bilen gutlady.

Türkmenistan — Gyrgyzystan: möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine tarap

28-nji iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň ulag kerweni motosiklçiler hormatly eskortynyň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Myhmansöýer paýtagtymyz täze binalar bilen has-da gözelleşýär

Hormatly Prezidentimiz “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen-gyrgyz gatnaşyklary ösdürilýär

Öňňin paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanynda belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Ahalteke bedewleri — milli buýsanjymyz

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde paýtagtymyzyň ilatynyň adyndan sowgat berlen Akşäher atly bedew bilen didarlaşdy we onuň bilen birsellem gezim etdi.

Anyk maksatlar — netijeli çözgütler

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki käbir ýolbaşçylar alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Hasabatlary yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek döredijilik çäreleriniň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi. Çäreleriň maksatnamasy şanly senelere bagyşlanan duşuşyklary, bäsleşikleri, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, onlaýn maslahatlaryny hem-de wagyz ediş çäreleri öz içine alýar.

Arkadaga alkyşnama

Dogup gelýän säherlerde ak geljekden ýalkym gördüm,Zemzem suwun kümüş saýmyş, topragymy altyn gördüm,Säherlerde Gün deý dogan uly iliň bagtyn gördüm,Watanymyň baky bagty ömre dowam, Arkadagym! Daşyňyzda jebis iller bilen bir jan, bir tensiňiz,Kerwen guran ak daňlary ak geljege idensiňiz,Bütin dünýä ykrar etmiş, halka milli Lidersiňiz,Şygyr bilen waspyň eýlär bu gün zyban, Arkadagym!