Bitaraplyk — biziň doktrinamyz
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Biz Türkmenistanda Bitaraplygy berkitmäge uly ähmiýet berýäris, onuň özboluşly hukuk ýagdaýyna buýsanýarys. Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwerlik ýörelgelerini yglan edip, agzybirlige ýardam berýär» diýip, türkmen Bitaraplygyna mynasyp häsiýetnama berýär. Hakykatdan-da, hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlyk, syýasy durnuklylyk, ykdysady ösüş, ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda öňdengörüjilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmeginiň ygtybarly gurşawyny döredýär. Milli syýasy-ynsanperwer garaýyşlary, halkara kadalary bilen utgaşykly sazlaşýan türkmen Bitaraplygynyň adalatly ýörelgeleri döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň mizemez dostluk ýollaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine içerki ösüşlerimizden-de, halkara derejede gazanýan abraý-üstünliklerimizden-de göz ýetirmek bolýar.